Apple Hytaýyň Şençžen şäherinde uly amaly gözleg barlaghanasyny açdy. 20 000 m² meýdany eýeleýän täze desga Gonkongy, Makaony we Guandun welaýatynyň şäherlerini öz içine alýan Uly aýlag sebitinde kompaniýanyň möhüm ylmy-gözleg we tejribe merkezi bolar diýip, 3Dnews habar berýär. Barlaghana Apple-iň iPhone, iPad we Vision Pro garniturasy ýaly esasy önümlerini synagdan geçirmek we gowulandyrmak üçin niýetlenendir. Onuň işine Hytaýdan we daşary ýurtlardan müňden gowrak hünärmen gatnaşar. Bu kompaniýanyň ABŞ-nyň çäginden daşary iň uly şeýle desgasy bolup, ol kompaniýanyň öndüriji üçin esasy hasaplanýan Hytaý bazarynda öz ornuny berkitmäge ymtylýandygyny görkezýär. Huawei ýaly hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň barha güýjeýän döwründe barlaghananyň açylmagy ýerli üpjün edijiler bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga we täze önümleriň ösüşine ýardam etmeli. CINNO analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Huawei 2024-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýda üpjünçiligi 7,7% ýokarlandyryp, smartfon satuwy boýunça Apple-den öňe geçdi we öňdebaryjy orny eýeledi. Umuman, hytaý öndürijileri içerki bazarda agdyklyk etmegi dowam etdirip, Apple-i öňdebaryjy üpjün edijileriň hataryndan gysyp çykarýar. 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, hytaý smartfonlarynyň üpjünçilik möçberi 70 mln gurluşa ýetdi, bu geçen ýylky görkezijiden 10% köpdür.