Apple akylly äýnek we kameraly AirPods ýaly wizual duýgurlyk ukyby bolan täze enjamlar hataryny giňeltmegiň üstünde işleýär. Bu önümler 2027-nji ýyldan soň peýda bolar. Hasabatda aýdylmagyna görä, Apple beýleki önümlere ornaşdyrmak arkaly, Apple Vision Pro üçin kompýuter görüş tehnologiýalaryny ösdürmäge goýan millionlarça dollarlyk maýa goýumlarynyň öwezini dolmak isleýär. Bloomberg-iň seljerijisi Mark Gurmanyň sözlerine görä, täze akylly äýnek Meta kompaniýasy tarapyndan Ray-Ban bilen hyzmatdaşlykda döredilen meşhur Ray-Ban Meta Smart Glasses-e meňzär. Geljekki akylly äýnek kameralar, dinamikler we mikrofonlar bilen enjamlaşdyrylar, ýöne üsti ýetirilen hakykatyň doly derejeli enjamlaryna öwrülmez. Linzalaryň gündizine Gün ýagtysyndan goraýja öwrülip, daşky gurşawa uýgunlaşmagyna garaşylýar. Siri üçin goldawy hem bolmagy mümkin we kiçi proýektor ulanyjynyň gözüniň öňünde howa, meýilnamalaşdyryjy, nawigator we ş.m. maglumat gurallaryny görkezip biler. Meta akylly äýnegini 299 dollara satýar, şonuň üçin, megerem, Apple-iň gajetiniň bahasy hem edil şonuň ýaly bolar. Mundan başga-da, insaýderiň sözlerine görä, Apple kameraly AirPods-y işläp taýýarlaýar. Gulaklyklar daş-töweregini okap bilerler, bu görüş ukyby çäkli adamlar üçin aýratyn peýdaly bolar. Şeýle-de bolsa, bu gulaklyklara kameralaryň näme üçin gerekdigi entek belli däl. Apple olaryň bolmagyny Apple Intelligence-iň AI funksiýalary bilen baglanyşdyrar diýlip çaklanylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir