Awgust aýynda Hytaýda Huawei Technologies tarapyndan öndürilen smartfonlaryň satuwy soňky 46 aýda ilkinji gezek Apple-iň iPhone satuwyndan ýokary boldy. Bu barada CINNO gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, South China Morning Post ýazýar. Brendiň Hytaý bazaryndaky paýy 17,5%-e barabar. Huawei-niň üpjünçilik möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,7% ýokarlanyp, 140 mln birlikden geçdi. Analitikler Mate we Pura flagman smartfonlaryna, şeýle-de Mate XT ýaly eplenýän modellere islegiň ýokarydygyny belleýärler. Hytaý Huawei üçin iň uly bazar bolup, ol kompaniýanyň global satuwynyň 89%-ini emele getirýär. Mundan öň China Academy of Information and Communications Technology döwlet guramasy awgust aýynda Hytaýda daşary ýurt smartfonlarynyň satuwynyň ýyllyk aňlatmada 12,7%, 1,87 mln birlige çenli pese gaçandygyny, şol bir wagtyň özünde ýerli brendleriň satuwynyň bolsa 26,7%, 24,05 mln birlige çenli ýokarlanandygyny habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir