Tesla Cybercab robotaksisiniň tanyşdyrylyşyndan soň, carnewschina habarlar çeşmesi Hytaýda eýýäm işleýän Baidu Apollo Go sürüjisiz taksi hyzmatynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi. Birinjiden, birnäçe gün ozal Baidu kompaniýasy bu hyzmaty Hytaýdan daşary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Ikinjiden, Tesla öz Cybercab-yny 2026-2027-nji ýyllarda satuwa çykarýança, Baidu-nyň eýýäm tapgyrlaýyn Yichi 06 (Apollo RT6) sürüjisiz awtomobili bar. Öndürijiniň bellemegine görä, Apollo Go-yň sürüjisiz awtoulaglarynyň umumy menzili 32 mln km-den geçdi. 2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Baidu-nyň robotaksi parky 7 mln gatnawy amala aşyrdy. Yichi 06 elektrik miniweniniň esasy aýratynlygy altynjy nesil Apollo awtonom dolandyryş ulgamydyr. Onuň enjamlaýyn üpjünçiligi 40 datçigi (şol sanda 5 lidar) we iň ýokary hasaplaýyş kuwwaty 1200 TOPS bolan prosessorlary öz içine alýar. Baidu-nyň resmi wekilleriniň aýtmagyna görä, ulgam çylşyrymly ýol ýagdaýlary üçin L4 awtonomlyk derejesini goldaýar. Netijede, Yichi 06 awtoulagy geljekki Cybercab ýaly rulsuz satylyp bilner. Baidu kompaniýasy Yichi 06-nyň bahasyny 60% arzanladandygyny habar berýär. Häzirki günde awtoulag 28 950 dollar baha bilen satylýar, Cybercab bolsa ýene birnäçe ýyldan 30 000 dollardan arzan satylmagy wada berýär. Baidu eýýäm Apollo Go sürüjisiz awtomobil parky üçin 1000 birlik Yichi 06 iberdi. Bu bolsa hakyky Yichi 06 awtomobilleriniň eýýäm Hytaýyň köçelerinde hereket edýändigini aňladýar. Şeýlelikde, eger Tesla öz robotaksi hyzmatyny Hytaýda ýola goýsa, ol çynlakaý bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolar.