Apple özüniň ykjam iPad mini planşetini täzeledi. Täze wersiýa kuwwatly A17 Pro prosessoryna, Apple Intelligence ulgamynyň goldawyna we täze Apple Pencil Pro stilusyna eýe boldy. 8,3 dýuým ekranly planşet öz dizaýnyny saklady, ýöne öndürijilikde ep-esli gowulaşma aldy. A17 Pro çibi merkezi prosessoryň tizliginiň öňki model bilen deňeşdirilende 25% ýokarlanmagyny üpjün edýär. Täze gurluş basyşa duýgurlyk we hereketler arkaly dolandyryş bilen Apple Pencil Pro-ny hem goldaýar. Şeýle-de, Wi-Fi 6E goldawy, has tiz USB-C we Smart HDR 4 goldawy bilen täzelenen 12 Mp giňburçly kamera bar. Täze iPad mini dört reňkde elýeterli. Planşet 23-nji oktýabrda satuwa çykar. Bahalar: ·128 GB – 500 dollar ·256 GB – 600 dollar ·512 GB – 800 dollar. 5G modemli wersiýa üçin goşmaça 150 dollar tölemeli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir