Hindistanly inžener Sebin Saji dünýäde iň kiçi kir ýuwujy maşyny döretdi. Onuň ululygy bary-ýogy 3,2 x 3,3 x 3,8 santimetre barabar diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Rekordy hasaba aldyrmak üçin, Saji iň kiçi kir ýuwujy maşynyň işleýändigini we onuň doly ýuwmak, durlamak we sykmak tapgyrlaryny ýerine ýetirýändigini görkezdi. Maşyny ölçemek üçin ol ýörite sifrli ştangensirkullary ulanmaly boldy. Bu gurluşyň agramy bary-ýogy 25 g bolup, ol tas iki Oreo kökesine deňdir. Wideoda Sebin öz kir ýuwujy maşynynyň işleýşini görkezýär: oňa mata bölegini salyp, bir çümmük arassalaýjy tozy atýar, suw guýýar we ony ýapyp, işledýär. Sebin öz rekord maşynyny arzuwyny hasyl etmek we “Ginnesiň rekordlar kitabynyň bir bölegi” bolmak üçin döredendigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir