Infiniti täze nesil QX80 krossowerini çykardy
Infiniti kompaniýasy QX80 krossoweriniň täze neslini hödürledi. Bu barada Infiniti-niň metbugat gullugy habar berýär.
Üç hatarly täze nesil QX80 ulagynyň dizaýny «Hereket sungaty» hökmünde terjime edilip bilinjek «Artistry In Motion» stilinde ýerine ýetirildi. Awtoulag egri çyzyklary we brendiň yşykly täze nyşany bolan uly radiator paneli bi...
Neuralink ilkinji gezek beýnisi implantly adamy wideoda görkezdi
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy X (Twitter) sosial ulgamynda göni ýaýlymyň çäklerinde beýnisine kompaniýanyň çipi ýerleşdirilen ilkinji hassany wideo arkaly görkezdi. Ol sekiz ýyl mundan ozal boýnundan aşagy ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbaugh bolup çykdy.
Arbonyň sözlerine görä, Neuralink-iň operasiýasy oňa azda-kände durmuşda doly bahaly...
Şanhaýda 10G tizlikli iň çalt internet synag edildi
Şanhaýda dünýäde ilkinji görkezme meýdançasy işläp başlandy, bu ýeriniň ýaşaýjylary 10 gigabitlyk (10G) giň zolakly internete girip bilýärler diýip, Gizmochina habar berýär.
F5G-A diýlip atlandyrylýan täze hyzmat 50G-PON infrastrukturasynyň ulanylmagyna esaslanýar. Uly faýllary sanalgyja sekuntda ýükläp almaga mümkinçilik berýän ýokary tiz...
Kör adamlar görüp bilerler: Neuralink gözüň görşüni dikeldýän implanty taýýarlaýar
Ilon Mask Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň kör adamlara görmäge mümkinçilik berjek Blindsight implantyny işläp taýýarlaýandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
“Blindsight – Neuralink-iň Telepathy-dan soň indiki önümi. Blindsight implantynyň eýýäm maýmynlarda synagdan geçirilendigini bellemek gerek. Ilkibaşda şekilleriň durulygy N...
Duz bölejiginden uly däl: beýniden maglumat ýygnamak üçin ownujak datçikler döredildi
Braun uniwersitetiniň ylmy gözlegçiler topary beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary okap bilýän kiçi simsiz datçikleri hödürledi. Her çipiň ululygy gönüden-göni beýni dokumalaryna ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ölçegden - 1 mm-den geçmeýär.
Newrotehnologiýa pudagyndaky täze ösüş barada Nature Electronics üçin taýýarlanan makalada gürrü...
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Robot-it ispan Malagasynyň köçelerine gözegçilik eder. Ol poliseýlere köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryny ýüze çykarmakda kömek eder. Şeýle-de robot-itler elektrik samokatlaryň hereketini yzarlar.
Taslamany Malaganyň uniwersitetiniň alymlary döretdiler. Ol onlaýn arkaly dolandyrylýar, geljekde ony emeli aň bilen goşulyşdyrmak isleýärle...
Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy
Amerikaly işläp düzüjiler dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyrdylar diýip, «24KZ» habar berýär. Ol ýumuşlary özünden öňkülerden 30 esse çalt bitirýär. Programma üpjünçiligi dört trillion elektrik geçirijilerden durýar. Bu bolsa, millisekuntda maglumatlaryň uly möçberini işlemäge, şeýle-de çat-botlara öwretmäge mümkinçilik berýär.
Alymlaryň s...
Alymlar gary eredip biljek öz-özüni gyzdyrýan beton ýasadylar
Pensilwaniýa ştatynyň Dreksel uniwersitetiniň alymlary betonyň gary özbaşdak eredip bilýän täze görnüşini döretdiler. Ösüşiň syry - betona doňanda ýylylygy bölüp çykarýan parafiniň goşulmagydyr diýip, New Atlas ýazýar.
Synaglar täze betonyň 76x76 sm-lik plitasynyň howanyň temperaturasy noldan aşak düşenden soň, 10 sagatlap 5,6-12,8 ° C-a çen...
Xiaomi smartfonlarynyň bahasyny galdyrýar: flagmanlar iPhone bilen deň bolar
Xiaomi öz smartfonlarynyň bahalaryny galdyrmakçy bolýar. Kompaniýanyň 2023-nji ýyldaky maliýe hasabatyna görä, Hytaý yklymynyň çäginde tehnologiýa ägirdiniň smartfonlarynyň ortaça bahasy 19% ýokarlandy we kompaniýanyň taryhynda iň ýokary baha ýetdi diýip, Gadget Tendency portaly ýazýar.
Ähli üpjünçiligiň 20%-ni emele getirýän Xiaomi-iň flagm...
Apple iPhone 16-nyň çarçuwalaryny kiçelder we ekranyny ulaldar
Apple iPhone 16-da ekranyň çarçuwalaryny kiçeldip, onuň ölçeglerini ulaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada Seulyň Sisa Journal-E neşirine salgylanýan Applepro.news habar berýär.
Maglumatlara görä, iPhone-yň displeýini öndürijiler mis simleri burmagyň we ýerleşdirmegiň täze tehnologiýasyny ulanyp, çarçuwalary kiçeltmegi öwrendiler. Ozal bu tehno...
Realme üm bilen dolandyrylýan we flagman kamerasy bolan arzan smartfon görkezdi
Realme kompaniýasy çalt zarýad beriş ulgamy, Sony kamerasy we enjamy üm bilen dolandyrmak ýaly adaty bolmadyk funksiýasy bolan arzan Narzo 70 Pro 5G smartfonyny hödürledi. Bu barada GSMArena portaly habar berýär.
Realme Narzo 70 Pro 5G Full HD+ durulygy we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,67 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. Enjamyň...
Russiýada çaga bilen deň ösüp bilýän protez oýlap tapdylar
Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň alymlary wagtyň geçmegi bilen süýnüp bilýän täze protezleri döretdiler. Şeýlelik bilen, çalt ulalmagy sebäpli enjamy ýygy-ýygydan çalyşmaly bolýan çagalar indi protezi has wagtlap geýip biler. Bu mowzuk boýunça ylmy makala «Polymers» žurnalynda çap edildi.
Täze oýlap tanyş auksetika ýaly material...
Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otly synag edildi
Hytaýyň CRRC Changke kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlyny üstünlikli synagdan geçirdi diýip, Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.
Synaglar Çançun şäherindäki (Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýaty) ýörite ugurda geçirildi. Otly sagatda 160 km tizlige ýetdi, hünärmenleriň pikiriçe, bu "demir ýol ula...
Nvidia iň çalt ösýän Amerikan brendine öwrüldi
Nvidia 2024-nji ýylda gymmaty boýunça ABŞ-nyň iň çalt ösýän brendine öwrüldi. Brand Finans-iň reýtingine görä, dünýäniň öňdebaryjy çip öndürijilerinden biri bolan Nvidia-nyň bahasy ýylyň dowamynda 163 göterim ýokarlap, 44,5 milliard dollara ýetdi diýip, TASS habar berýär.
Bu Nvidia-a dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda 41-nji orny, a...
Nokio gaýdyp gelýär: HMD Global Nokia 3210-nyň täze nusgasyny çykarar
Hytaýyň HDM Global kompaniýasy Nokia telefonynyň täze nusgasyny hödürlär. Bu barada Nokiamob neşiri habar berýär.
Nokia brendiniň hukuklaryna eýelik edýän kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda täze telefonyň piksel şekili «Meşhur telefon maý aýynda gaýdyp gelýär» ýazgysy bilen peýda boldy. Media žurnalistleri paýlaşylan bu maglumaty...
Şanhaýda Apple-iň Hytaýdaky iň uly dükany işläp başlady
Apple kompaniýasy 21-nji martda Şanhaýda Hytaýdaky iň uly ownuk söwda dükanyny açdy. Bu barada Xinhua agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Szinýan iş sebitinde ýerleşen täze dükan dünýäde Apple üçin ikinji uly dükan boldy. Onuň meýdany 20 000 inedördül metrden gowrak.
Açylyş dabarasyna kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk gatnaşdy. O...
Infiniti täze nesil QX80 krossowerini çykardy
Infiniti kompaniýasy QX80 krossoweriniň täze neslini hödürledi. Bu barada Infiniti-niň metbugat gullugy habar berýär.
Üç hatarly täze nesil QX80 ulagynyň dizaýny «Hereket sungaty» hökmünde terjime edilip bilinjek «Artistry In Motion» stilinde ýerine ýetirildi. Awtoulag egri çyzyklary we brendiň yşykly täze nyşany bolan uly radiator paneli bi...
Hytaýda saglyga gözegçilik ulgamy bilen üpjün edilen Exeed krossoweri çykaryldy
Hytaýda tanyşdyrylan Chery brendiniň Exeed Exlantix ET elektrik krossoweri 15-nji aprelde ýerli dilerlerde peýda bolar. Bu barada carnewschina.com habar berýär. Awtoulagyň bahasy yglan edilmedi.
Exlantix ET modeli doly göwrümli krossowerdir. Awtoulagyň uzynlygy 4955 mm, teker binýady 3000 mm. Awtoulagyň çyra bölümleriniň aşagynda LED panelle...
Mercedes-Benz zawodlarynda adampisint robotlar işläp başlar
Adampisint robotlar Mercedes-Benz awtoulag zawodlarynda işlemäge çagyrylar. Olar awtoulaglaryň ýygnalyşynyň hilini barlar we gurnama hatarlaryna ätiýaçlyk şaýlaryny getirerler.
Apptronik amerikan kompaniýasynyň Apollon modelli adampisint robotlary 25 kilograma çenli agram göterip bilýär. Robotyň beýikligi 170 santimetr, agramy 73 kilogram. G...
«Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenabat halkara howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly «Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary tekl...