Mitsubishi Ýewropa bazarynda meşhur gibrid ulagynyň täze görnüşini - Outlander PHEV First Edition modelini çykardy. Bu barada 32Cars.ru habar berýär. Täze ulag 20 dýuýmlyk garyndy tekerleri we panoramaly üçek bilen enjamlaşdyrylandyr. Salondaky oturgyçlar massaž funksiýasyny hödürleýär. Model perimetri boýunça kameralar, adaptasiýa kruiz dolandyryşy we ulagy duralga goýmakda kömek ulgamy arkaly sürmegi howpsuz we aňsat etmegi wada berýär. Täze Outlander PHEV-iň esasy tehniki aýratynlygy 2,4 litrlik benzinli hereketlendirijini we iki sany elektrik hereketlendirijisini birleşdirýän 306 at güýjüni öndürýän gibrid hereketlendirijiden ybaratdyr. Olar 100 km/sag tizlige bary-ýogy 7,9 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, 100 km üçin bary-ýogy 0,8 litr ýangyç sarp edýär. Doly elektrikli hereketlendiriji režiminde awtoulag bir zarýad bilen 86 km ýol geçip biler. Şeýle hem täze ulag 12,3 dýuým ekranly multimediýa ulgamy hem-de Android Auto we Apple CarPlay -y goldawy bilen enjamlaşdyrylandyr. Outlander PHEV First Edition-yň Ýewropadaky bahasy 62 650 ýewrodan başlaýar.