“Teslanyň" paýnamalary hepdäniň dowamynda 30 göterim ýokarlanyp, 321 dollara ýetdi. Bu soňky iki ýylda ilkinji gezek kompaniýanyň bazar bahasyny trillion dollardan ýokary galdyrdy diýip, Reuters agentligi habar berýär. Paýnamalaryň bu ösüşi 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary böküş bolup, ol Teslanyň önümini giňeltmegi we tehnologiki täzelikleri netijesinde maýadarlaryň ünsüni özüne çekdi. "CFRA Research" paýnamalary boýunça uly analitik Garrett Nelson şeýle belleýär: "Tesla we onuň ýerine ýetiriji direktory Ilon Mask saýlawda iň esasy ýeňiji bolup biler. Trampyň ýeňmegi bize uçarmansyz uçujy tehnologiýalar üçin kadalaşdyryjy tassyklamany çaltlaşdyrmaga kömek eder diýip pikir edýäris". Hünärmenler kadalaşdyryjy syýasatlaryň ýeňilleşdirilmegi awtoulag pudagyna peýdaly bolar diýip hasaplaýarlar. “Kompaniýalar ýeke-täk düzgüniň bolmagyny isleýärler. Her ştat özüne mahsus bolan ýagdaýynda has erbet bolardy" diýip, "Morningstar" paýdarlar strategi (maslahatçysy) Dewid Uiston belleýär. Teslanyň bazar bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy, kompaniýanyň baş direktory Ilon Maska dünýäniň iň baý adamlary sanawynda yzarlaýanlardan ep-esli daşlaşmaga mümkinçilik berdi. “Bloombergiň" habaryna görä, “Teslanyň” we “SpaceX-iň" esaslandyryjysynyň baýlygy 314 milliard dollara ýetdi. Üç aýa golaý mundan ozal, onuň emlägi 235 milliard dollardy. Sanawdaky ikinji adam “Amazonyň" esaslandyryjysy Jeff Bezosyň, takmynan, 230 milliard dollar baýlygy bar (awgust aýynyň ortalarynda 193 milliard dollardy). Metanyň esaslandyryjysy we baş direktory Mark Sukerberg 209 milliard dollar baýlygy bilen üçünji ýeri eýeleýär. Üç aý ozal onuň baýlygy 188 milliard dollardy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir