Britaniýanyň TWR inženerçilik kompaniýasy Jaguar XJS-iň Supercat atly korbon modifikasiýasyny hödürledi, onuň bahasy 285 000 dollar. Auto.ru-nyň habar bermegine görä, bu awtoulagdan bary-ýogy 88 sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Jaguar XJS restomody ugleplastik kuzowy aldy, bu bolsa ulagy asyl nusgasyndan 10% ýeňil etdi. Daşky görnüşinde häzirki zaman LED yşyklandyryşy hem-de 18 we 19 dýuým ululykdaky täze süýlüp ýasalan tekerleri bar. Aerodinamika aýratyn üns berildi - uly diffuzor gurmak üçin, gaz turbalary gapdallaryna çykaryldy. Restomodyň merkezinde 669 at güýjüni öndürýän we 730 Nm-li mehaniki nagnetateli bolan V12 ýerleşýär. Kuwwat ýokary sürtülme differensialy bolan alty tizlikli guty arkaly yzky tekerlere iberilýär. Şeýle hem kastom podramnikler, sazlanýan amortizatorlar we karbon-keramiki tormozlar goşuldy. Awtoulagda sport we rahatlyk režimlerini öz içine alýan bäş sany sürüş sazlamasy bar. Interýeri sanly gural paneli hem-de Android Auto we Apple CarPlay goldawly multimediýa ulgamy bilen döwrebaplaşdyryldy. Tutuş seriýa TWR-iň 1988-nji ýylda Le-Manda gazanan ýeňşiniň hormatyna çykarylan 88 awtoulagdan ybarat. Salgytlary we donor awtoulagynyň bahasyny hasaba almazdan, 35 müň funt sterling goýum bilen sargyt edip bolýar. Sargytlar ABŞ-yň, Ýewropa-nyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlarynda kabul edilýär.