19-njy noýabrda SpaceX kompaniýasy ägirt Starship raketasynyň altynjy synag uçuşyny geçirdi. Uçuryş ýerli wagt bilen 16:00-da (Aşgabat wagty bilen 20-nji noýabrda 3:00) boldy. Birinji basgançak Super Heavy ilkibaşda Mechazilla ulgamy tarapyndan tutular diýlip garaşylypdy, ýöne, takmynan, sekiz minutdan soň tizleşdiriji Meksika aýlagynda asuda gondy. “Biz käbir şertlerden gyşardyk” diýip, SpaceX-iň wekili Den Huot düşündirdi. Görnüşi ýaly, uçuş wagty tizleşdirijiniň uçuryş gurluşyna gonmagy üçin töwekgelçilik döredip biljek näsazlyk ýüze çykan bolmaly, şol sebäpli hünärmenler bu wezipeden ýüz öwrendir. Starship kosmos gämisi sagatda 28 328 km tizlik bilen uçuşyny dowam etdirdi. 45 minutdan soň, meýilleşdirilişi ýaly, ol Hindi ummanynda gondy. Bu synag uçuşynyň esasy maksatlarynyň biri atmosfera gatlagyndan uçurylan wagty hüjüm burçunyň ulalmagy bilen ganatdaky ýörite gurluşlaryň işini barlamak boldy. Şeýle-de, SpaceX ýylylyk galkany bilen tejribe geçirdi: korpusyň bir böleginde gorag plitkalary ýokdy. Mundan başga-da, wakuumda Raptor hereketlendirijileriniň biri synagdan geçirildi, bu bolsa geljekki orbital missiýalar üçin möhüm ädimdir. Uçuş ýaýlymyna 7 mln töweregi adam tomaşa etdi. Starship ulgamy köp gezeklik ulanmak we Aýa hem Marsa ekipažly uçmak ýaly dürli missiýalary ýerine ýetirmek üçin işlenip düzülýär. Starship gämisi we Super Heavy raketasy kosmos uçuşlarynyň taryhynda iň uly toplumdyr. Onuň uçuş meýdançasynda beýikligi – 121 metr (71 metr – Super Heavy, 50 metr – Starhip-iň uzynlygy). Gäminiň we raketanyň diametri dokuz metre barabar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir