On ýyldan gowrak wagt dowam eden arakesmeden soň Apple ýene-de öz telewizoryny işläp taýýarlamaga girişdi. Bu kompaniýanyň 2009-2011-nji ýyllardaky şowsuz synanyşygyndan soň, telewizor bazaryna çykmak üçin ikinji synanyşygydyr. Bu barada insaýder we Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurmana salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. Gurmanyň aýtmagyna görä, Apple öz brendi bilen akylly öý üçin täze gurluşlaryň hataryna girip biljek telewizory döretmek pikirine “baha berýär”. Ýöne taslama heniz örän irki tapgyrda, şol sebäpli onuň önümçilige goýberilmegi üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler. Eger Apple telewizory üstünlikli işe girizilse, bu kompaniýanyň öňünde telewizor bazarynda bäsleşmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Häzirki wagtda Apple diňe telewizora birikdirilýän Apple TV konsolyny hödürleýär. Apple telewizorynyň kompaniýanyň gurluş ekoulgamy bilen birleşmegine we premium dizaýna eýe bolmagyna garaşylýar. Ýöne kompaniýanyň displeý, funksiýa we baha taýdan beýleki telewizion brendler bilen nähili bäsleşjekdigi belli däl. Apple-i esaslandyryjylaryň biri Stiw Jobs ozal ýönekeý ulanyjy interfeýsi bilen telewizor döretmek isleýändigini aýdypdy. Ýöne 2010-njy ýylda Apple-iň şol wagtky baş operasion müdiri we häzir baş müdiri Tim Kuk kompaniýanyň bu bazara gatnaşmaga gyzyklanma bildirmeýändigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir