Google «Google Kartalarda» ýöriteleşdirilen täze nawigasiýa ulgamyny giňden ornaşdyryp başlady. Indi goşundy awtoulag, pyýada, welosiped hem-de şäher jemgyýetçilik ulag ugruny görkezýän ähli režimlerde emeli aň tehnologiýasy Gemini-ni ulanar diýip, 9to5Google ýazýar. Noýabr aýynyň başynda Gemini diňe ABŞ-daky Android we iOS ulanyjylary üçin gepleşik esasly nawigasiýa we ýol hereketi barada maglumat bermek mümkinçiliklerinde elýeterli bolupdy. Häzirki wagtda goşundydaky dört reňkli mikrofon nyşany Gemini-niň gök nyşany bilen çalşyryldy. Funksional taýdan bu AI nawigasiýada Google Assistant-y dolulygyna çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde «Hey Google» diýen sesli buýruk bilen işjeňleşdirmek mümkinçilikleri hem saklanyp galdy. Ulanyjylar «Öýe tarap ugur gura », «Nawigasiýany bes et» ýa-da «Duralga goş» ýaly ugrukdyryş boýunça esasy buýruklary berip bilerler. Şeýle hem «Indiki öwrüm nirä alyp barýar?», «Meniň barjak wagtym haçan?» diýen ýaly haýyşlar arkaly häzirki ugur barada maglumat alyp bolýar. Ulgamyň aýratynlygy — köp basgançakly sargytlary kabul edip bilmegi. Mysal üçin, ilki bilen ugradylan ugur boýunça birnäçe kilometriň içinde arzan restoran barmy diýip sorap, soň «Bolýar, şol ýere gidýärin» diýip görkezme bermek mümkin. Şeýle hem ugruň soňky nokadynyň töweregindäki kafeleri gözlemek hem-de menýudaky iň meşhur tagamy anyklamak ýaly mümkinçilikler bar. Gemini doly assistent režiminde işleýändigi üçin, ulanyjy beýleki goşundylary we giňeltmeleri hem dolandyrýar. Mysal üçin, soňky gelen e-poçta hatlaryny gysgaça jemlemegi ýa-da Spotify-da aýdym açmagy haýyş edip bolýar.