Iňlis dilini öwrenýänler, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýänler üçin Lexicon platformasynyň iPhone üçin mobil goşundysy - App Store-da elýeterli boldy. Mobil goşundyny iOS ulgamy üçin şu ýerden ýükläp bilersiňiz. Iňlis dil derejesi başlangyç, orta ýa-da ýokary derejedäki ähli öwrenýänler üçin peýdalydyr. Lexicon esasy çagalar üçin niýetlenip, onda interaktiw sapaklar, ses arkaly düşündirmek we oýun görnüşinde quizler bar. Türkmenistanyň iňlis dili dersi boýunça 1-7-nji synplar üçin niýetlenen kitaplarynda bar bolan ähli sapaklar bu mobil goşundyda hem elýeterli. Çagalaryň mekdepde geçýän iňlis dili sapaklaryny has hem berkitmekleri, sapakdan daşary öýde hem gowy taýynlanmaklary üçin kitapdaky ähli maglumatlar gyzykly ýagdaýda ýetirilýär. Mobil goşundydan peýdalanmaklygy Türkmenistandaky ähli okuwçylar üçin elýeterli etmek maksady bilen, programmada mugt tanyşdyryş sapaklary ýerleşdirilýär. Premium hasabynda 5,000-den köp sözleri öwrenmek üçin, häzirki wagtda 300 golaý dürli görnüşli sapaklar bar. Lexicon Premium hasabyny açmagyň 3 aý tölegi - 18 manat bolup, Altyn asyr kartlary, Rysgal bank kartlary arkaly onlaýn tölegler ýola goýulandyr. iPhone telefonlara ýüklemek üçin Android telefonlara ýüklemek üçin

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir