HP kompaniýasy işleri has netijeli etmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2028-nji maliýe ýylyna çenli tutuş dünýä boýunça 4000-den 6000-e çenli iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Bu çäre önümleri taýýarlamak işini çaltlaşdyrmaga, müşderileriň kanagatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Habar peýda bolandan soň, kompaniýanyň paýnamalary söwdanyň dowamynda 5,5% pese gaçdy. HP-niň baş direktory Enrike Lores metbugat maslahatynyň dowamynda işden çykarmagyň kompaniýanyň önüm işläp taýýarlamak, içerki amallar we müşderilere hyzmat etmek bilen meşgullanýan toparlaryna täsir etjekdigini aýtdy. “Biz u başlangyjyň üç ýylda çykdajylary azaltmagyň hasabyna 1 mlrd dollar tygşytlamaga mümkinçilik bermegine garaşýarys” – diýip, Lores belledi. Fewralda kompaniýa ozal yglan edilen üýtgedip gurmak meýilnamasynyň çäklerinde eýýäm 1000-2000 işgäri işden çykarypdy. EA goldawyna eýe bolan personal kompýuterlere daşarky isleg artmagyny dowam etdirýär. 31-nji oktýabrda tamamlanan dördünji çärýekde şeýle modeller HP üpjünçiliginiň 30%-den gowragyny emele getirdi. Morgan Stanley analitikleri maglumat merkezleri tarapyndan islegiň ýokarlanmagy sebäpli dünýäde ýat mikroshemalarynyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň HP, Dell we Acer ýaly kompaniýalaryň çykdajylarynyň artmagyna we girdejileriniň azalmagyna getirjekdigini çaklaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir