Samsung resmi taýdan üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfon-transformerini hödürledi. Ol eplenýän Galaxy smartfonlaryň arasynda iň uly ekrana, şeýle-de oýlanyşykly programma çözgütlerine we flagman aýratynlyklara eýe boldy. Z TriFold-yň esasy aýratynlygy ulanylmaýan wagty esasy eplenýän ekranyň doly goragyny üpjün edýän iki titan şarnir boldy. Huawei Mate XT-den tapawutlylykda, Z TriFold-yň daşky ekrany yzky tarapda ýerleşýär, onuň iki tarapy bolsa merkeze eplenip, esasy ekrany doly ýapýar. Esasy ekranyň diagonaly doly açylan ýagdaýynda 10 dýuýma, durulygy 2160 x 1584 piksele, täzelenme ýygylygy 1 – 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy 1600 nite barabar. Sag tarapda 10 Mp frontal kamera ýerleşdirildi we Z seriýanyň beýleki eplenýän modelleri ýaly, ekran gorag plýonkasy bilen üpjün edildi. 6,5 dýuýmlyk daşky ekran 2520 x 1080 piksel durulyga, 1 – 120 Gs täzelenme ýygylygyna we 21:9 tarap gatnaşygyna hem-de 10 Mp frontal kamera eýe boldy. Ol 2600 nite çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär we Corning Gorilla Glass Ceramic 2 aýnasy bilen goralýar. Smartfon Android 16-nyň esasynda OneUI 8 bilen işleýär. Uly ekran bir wagtda üç programmany biri-biriniň ýanynda portret režiminde işe girizmäge mümkinçilik berýär. Galaxy Z TriFold kompaniýanyň çalt sazlamalar paneli arkaly interfeýsi dolandyrmaga mümkinçilik berýän aýratyn Samsung DeX-li ilkinji smartfony boldy. Syçanjyk we klawiatura birikdirilende ol ykjam noutbuga ýa-da iş stansiýasyna öwrülýär. Smartfon berk alýuminden ýasalan çarçuwa bilen üpjün edildi, onuň iň inçe ýerinde ýogynlygy bary-ýogy 3,9 mm barabar. Onuň agramy 309 gram bolup, ýygnalan görnüşde ölçegi 159,2 x 75 x 12,9 mm. Z Fold7 we Z Flip7 smartfonlary ýaly Z TriFold hem IP48 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy. Smartfon Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Operatiw ýat 16 GB, içki fleş-ýat 512 GB ýa-da 1 TB barabar. Yzky tarapda 200 Mp esasy datçikden, 3 esse zum bilen 10 Mp moduldan we 12 Mp ultra giňburçly moduldan ybarat üçli kamera ýerleşdirildi. Şeýle-de, smartfon yzky üç panelde ýerleşdirilen 5600 mA/sag sygymly üç bölekden ybarat akkumulýator bilen üpjün edildi. Smartfon 45 Wt kuwwatly simli we 15 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar. Smartfonyň bahasy entek belli däl. Ol ilki 12-nji dekabrda, anna güni Günorta Koreýada satuwa çykarylar. Geljekde bolsa Galaxy Z TriFold Hytaýda, Taýwanda, Singapurda, BAE-de we ABŞ-da elýeterli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 58 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir