Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener.
Gurluş MateBook Fold Ultimate Design adyny alar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda çykarylan ilkinji üç bölekden ybarat eplenýä...
IBM we Google garrylyga garşy göreş üçin kwant tehnologiýalaryny hödürlediler
Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen konferensiýada IBM we Google kompaniýalary derman serişdeleriniň işlenip düzülişini çaltlandyryp biljek we garramagyň mehanizmleriniň öwrenilmegine ýardam berip biljek kwant tehnologiýalaryny hödürlediler.
Kompaniýalaryň ikisi hem eýýäm kwant kompýuterlerini molekulalaryň modelirlenmegi we beloklaryň özara täsir...
WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar
Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi.
Enjamlarynyň köpüsiniň Hytaýda ýygnalýandygyna garamazdan, Apple bahalaryň ýokarlandyrylmagyny ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän haryt...
Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi
Samsung kompaniýasy täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny hödürledi. Täze gurluş Odyssey OLED G6 hataryna degişli bolup, G60SF adyny aldy.
Model diňe kümüşsöw reňkde we 27 dýuým diagonal bilen elýeterli bolar. Yzky panelde RGB yşyklandyrmasy hem göz öňünde tutuldy.
Samsung Odyssey OLED G6 G60SF ekranynyň...
Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi
AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Kompaniýanyň beýanyna görä, 2020-nji ýyldan bäri Bilişim Vadisi tehnoparkynda bir we iki orunlyk elektrik dik uçuş we gonuş enja...
Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar
Cadillac kompaniýasy V seriýaly doly elektrik güýji bilen işleýän ilkinji modeli bolan Lyriq-V elektrik krossowerini satyp başlady. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Tennessi şäherindäki zawodynda başlanypdy.
Lyriq-V iki bezeg derejesinde elýeterlidir: standart görnüşiniň bahasy 80 090 dollardan, premium görnüşiniňki bolsa...
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin uly meýilnamalary bar, kompaniýa düýpgöter täze önümleri çykarmagy meýilleşdirýär, olar eplenýän iPhone, Apple Glass akylly äýnegi we öý roboty.
Bloomberg-den Mark Gurmana salgylanýan Appleinsider-iň habar bermegine görä, esasy täze önüm köpden bäri garaşylýan eplenýän iPhone Fold bolar. Smartfon epin ýeri görünmeý...
Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi
Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy. Olaryň hereketi balyklar toparynyň we guşlar sürüsiniň tebigy hereketinden ugur alýar.
Link-botlar V şekilli ba...
Täze Bluetooth 6.1 standarty hödürlendi: ol maglumatlaryň goragyny güýçlendirýär we zarýady tygşytlaýar
Bluetooth SIG resmi taýdan Bluetooth 6.1 standartyny hödürledi. Ol arabaglanyşygy tiz ýa-da uzak etmeýär, ýöne maglumatlary has gowy goraýar we energiýany tygşytlamaga kömek edýär.
Esasy aýratynlyk Random Resolvable Private Address (RPA) tehnologiýasynda jemlenýär. Ol gurluşyň Bluetooth-salgysyny yzygiderli üýtgedýär we muny şifrlenen görnüş...
Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi
Toyota ilkinji gezek RAV4 krossoweriniň täze nesliniň resmi tizerini hödürledi. Modeliň doly premýerasy 20-nji maýda bolar.
Suratlarda awtomobil ýokardan görkezilýär, şeýle-de onuň interýeri hödürlenýär. Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy.
Tehniki aýratynlyklar häzirlikçe belli däl. Deslapky maglumatlara görä, esasy wersiýada...
IOS 18.5 täzelenmesiniň üsti bilen iPhone 13 ABŞ-da hemra aragatnaşygyna eýe boldy
Apple iOS 18.5 täzelenmesini çykardy. Esasy täzelikleriň biri iPhone 13, şol sanda mini, Pro we Pro Max wersiýalary üçin habarnamalary hemra arkaly ibermek mümkinçiligi boldy.
Hyzmat Starlink tehnologiýasynyň esasynda T-Mobile operatory tarapyndan üpjün edilýär. The Verge-iň habar bermegine görä, ol ABŞ-da elýeterli we iýul aýynda synag döwr...
Google we Amazon nyşanlaryny täzeledi: diňe kosmetiki, ownuk üýtgeşmeler bar
Iki iri amerikan kompaniýalary bolan Google we Amazon ençeme ýyldan soň ilkinji gezek nyşanlarynyň (logotipleriniň) dizaýnyny täzeledi. Olaryň ikisi hem diňe kosmetiki üýtgeşmeler bilen çäklenýär diýip, «9to5Google» habar berýär.
Google 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek nyşanyny täzeledi. Esasy element öňküsi ýaly «G» harpy bolup galdy, ýön...
Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi
Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr.
Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy. Çalt hereketli sahnalary has aýdyň görkezmek üçin bolsa ProScaler tehnologiýasynyň goldawy bar.
Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär
Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy.
Synagyň netijesine görä, sekiz sany sifrden ybarat açar sözi döwmek üçin, 15 minut gerek bolýar. Eger açar sözi diňe se...
Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy
Black Hat Asia 2025 konferensiýasynda PCAutomotive kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň Nissan Leaf elektrik ulagynda howply gowşaklygyň bardygyny habar berdiler. Mesele multimediýa ulgamynyň Bluetooth moduly bilen baglanyşykly diýip, SPEEDME neşiri ýazýar.
Hünärmenler internet arkaly ulagyň funksiýalaryny uzakdan dolandyrmagyň mümkind...
Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi
Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär. Bu...
Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär
Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär. Mysal üçin, 62 müň mil (takmynan, 100 müň km) ýol geçen 2020-nji ýylyň «Model 3» awtoulagy bar...
Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär
Google kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini bozandygy baradaky aýyplamalary çözmek üçin, ştata 1,375 mlrd dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Tehasyň baş prokurory Ken Pakston habar berdi.
2022-nji ýylda Tehasyň prokuraturasy Google kompaniýasyna garşy iki sany kazyýet işi bilen ýüz tutupdy. Ko...
Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi
Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy.
Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy. DS Luminascreen radiator gözenegi fransuz baýdagynyň reňklerinde – gök, ak we gyzyl reňklerde yşyklandyr...
Huawei kompaniýasy HarmonyOS-ly ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro-ny hödürledi
Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro noutbugyny görkezdi. Onuň tanyşdyrylyşy ýörite çärede geçirildi we bu ýerde myhmanlar täze noutbuga we onuň programma üpjünçiligine baha berip bildi.
Noutbuk çal-gök reňkde solgun görnüşli korpusa we yzky panelde kümüşsöw Huawei logotipine eýe b...