Türkmenistan çagalar-ýetginjekler futbolyny ösdürmek boýunça Belgiýa bilen gepleşikleri geçirýär

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň we Germaniýanyň Futbol Bileleşiginiň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyklary geçirdiler. Bu barada federasiýanyň saýtynda habar berilýär.
Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň esasy ugry BPFA-ny...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýu...

Dowamy »

72 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Ýewropada “Ýylyň awtomobili” saýlandy

Ženewada Ýewropanyň “Car of The Year” baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şu ýyl ýylyň awtomobilini saýlamaga dünýäniň 23 ýurdundan 60 sany emin agzasy gatnaşdy. Netijede, ýylyň iň gowy awtomobili Renault 5 hetçbegi boldy.
Model 353 bal alyp, Kia EV3 krossowerinden (291 bal) we Citroën C3-ëC3 elektromobilinden (215 bal) ö...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

CES 2025 sergisinde meýdany 37 inedördül metre çenli ulaldylýan ulag öý görkezildi

AC Future kompaniýasy Las-Wegasda CES 2025 sergisinde Pininfarina dizaýn studiýasy bilen bilelikde döredilen özboluşly AI-THd ulag öýi hödürledi. Bu barada New Atlas neşiri habar berdi.
A kysymly kaşaň furgonyň uzynlygy 6 metr, ýygnalgy ýagdaýda tutýan ýeri adaty kemperiňkiden uly däl. Şeýle-de bolsa, ykjam ulag süýşürilýän modullaryň kömegi...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Tailand syýahatçylara synag görnüşinde bitkoin bilen töleg etmäge rugsat berýär

2025-nji ýylda Phuketde syýahatçylara harytlar we hyzmatlar üçin bitkoin bilen töleg etmäge mümkinçilik berýän synag taslamasy işe girizilýär. Bu barada Tailandyň maliýe ministri Piçai Çunhawajira yglan etdi diýip, 3DNews habar berýär.
Ministr kriptowalýuta synagynyň soňlugy bilen beýleki syýahatçylyk şäherlerine-de ýaýradyljakdygyny belledi...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Häzirki depgin üýtgemese, Ýaponiýada 2720-nji ýyla çenli 14 ýaşdan kiçi ýekeje çaga galar

Eger Ýaponiýada demografik ýagdaý üýtgemese, häzirki depgin bilen 2720-nji ýylyň başyna çenli ýurtda 14 ýaşdan kiçi bir çaga galar. Bu Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýosidanyň soňky hasaplamalaryndan gelip çykýar diýip, The Japan Times neşiri ýazýar.
Mundan öň şeýle ýagdaý 2821-nji ýylda bolar diýlip çaklanylypdy.
Täze maglu...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Ösümlikler, Marsa garanda, Aýda has gowy ýetişýär - alymlar

Demirgazyk Arizona uniwersitetiniň alymlary Aý we Mars topraklaryny imitasiýa edip (hakyky görnüşlerine meňzedip ýasap), oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça barlaglary geçirýärler. Bu barlaglar geljekki arş missiýalarynda özbaşdak ilatly ýerleriň döredilmegi üçin möhümdir diýip, Space.com ýazýar.
Alymlar Mars topragynda azodyň...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Oksfordly alymlar VI asyrdan galan ölüm howply bakteriýany gaýtadan dikeltdiler

Oksford uniwersitetiniň alymlary adamzadyň taryhyndaky iň uly pandemiýalaryň biri hasaplanylýan Ýustinian keseliniň döremegine sebäp bolan patogeniň bir görnüşini ilkinji gezek gaýtadan dikeltdiler. Ylmy barlagyň netijeleri Nature ylmy žurnalynda çap edildi.
«Gadymy patogenleriň dikeldilmegi taryhy epidemiýalary öwrenmekde täze döwür açýar»...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2029-njy ýyla çenli Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 10-njy ýanwarda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Mejlisi kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça işler barada habar berdi

10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip ç...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

NASA-nyň özi Marsdan nusgalary 2040-njy ýyllardan bärde getirip bilmez. Bu uzak wagt alar we gymmada düşer

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirligi (NASA) SpaceX we Blue Origin ýaly hususy kompaniýalary Marsyň topragynyň nusgalaryny getirmäge çekmegi göz öňünde tutýar.
Gullugyň başlygy Bill Nelsonyň sözlerine görä, Perseverance mars roweri tarapyndan toplanan nusgalary asyl görnüşinde alyp gaýtmak taslamasyny 2040-njy...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Neuralink eýýäm üçünji hassanyň beýnisine neýroçip ornaşdyrdy

Neuralink kompaniýasynyň Blindsight atly beýni implanty üçünji adama üstünlikli ornaşdyryldy. Bu barada amerikan telekeçisi we milliarder Ilon Maskyň hut özi köpçülige mälim etdi. Mask 2025-nji ýylda bu neýroçipi ýene 20-30 adama ornaşdyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy diýip, life.ru habar berýär.
"Şu wagt Neuralink implantlary bilen ýaşa...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanlylar Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap, Belarus bilen Russiýanyň arasynda wizalary özara ykrar etmek barada ylalaşyk güýje girýär. Resminama görä, ýurtlaryň birine girmek üçin wiza alan Türkmenistanyň raýatlary wizanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda iki döwletiň çäklerinde giriş-çykyş, ýaşamak we üstaşyr geçmek hukugyna eýe bolarlar diýip, BE...

Dowamy »

81 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanda statistik hasabatlylygy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanda Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda statistik hasabatlylygy alyp barmak üçin işler alnyp barylýar. Bu ugurda görlen çäreler barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwreb...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň muzeý işgärleri 2025-nji ýylda gymmatly eksponatlary toplamak üçin ýerlerde iş saparlarynda bolar

Wise-premýer M.Mämmedowa 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde milli medeniýetiň düýpli öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy we geljek nesillere ýetirilme...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

2025-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa, Afrika we Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Daşary işler ministrliginiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, iş meýilnamasy 10 bapdan ybaratdyr. Hususan-da, resminamanyň «Guramaçylyk meseleleri» atly babynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny...

Dowamy »

75 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar

Wise-premýer B.Annamämmedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryňdyr desgalaryň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
H...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasy taýýarlanylýar

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna laýyklykda,...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Döwletliler köşgüniň çagalary Botanika bagyna gezelenç etdiler

Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň çagalary Botanika bagyna gezelenç etdiler. Bagyň hünärmenleri, ylmy işgärleri hem-de professor-mugallymlar okuwçylara Botanika bagynyň bölümleri, daşary ýurtlardan getirilip, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan agaçlardyr güller, ösümlikler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Bu barada türkmen metbugatynda hab...

Dowamy »

73 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegine bagyşlanan «Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky we milli gymmatlyklary dünýä ýaýratmakdaky orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Çäre Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenist...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago