Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder. Jemleýji 38-nji tapgyr 2026-njy ýylyň 24-nji maýynda bolar. Angliýanyň çempionatynyň birinji tapgyrynyň tertibi (Aşgabat wagty): 16-njy awgust, şenbe ·00:00. “Liwerpul” – “Bornmut” ·16:30. “Aston Willa” – “Nýukasl Ýunaýted” ·19:00. “Braýton end Houw Albion” – “Fulhem” ·19:00. “Nottingem Forest” – “Brentford” ·19:00. “Sanderlend” – “West Hem Ýunaýted” ·19:00. “Tottenhem Hotspur” – “Býornli” ·21:30. “Wulwerhempton” – “Mançester Siti” 17-nji awgust, ýekşenbe ·18:00. “Çelsi” – “Kristal Pelas” ·20:30. “Mançester Ýunaýted” – “Arsenal” 19-njy awgust, sişenbe ·00:00. “Lids Ýunaýted” – “Ewerton” Doly senenama Angliýanyň Premýer-ligasynyň resmi saýtynda elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir