Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde (SPHYF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň egindeş başlyklarynyň mejlisine gatnaşan Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin: «Astrahan Russiýada türkmen harytlaryny ibermek we paýlamak hem-de rus harytlaryny Türkmenistana ibermek üçin esasy merkez bolup biler» diýdi. Bu barada punkt-a.info saýty habar berdi. Türkmenistan köp ýyl bäri Astrahan sebitiniň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar. Geçen ýylyň netijelerine görä, Türkmenistanyň sebit bilen söwda dolanyşygy 15 göterim ýokarlandy. Igor Babuşkiniň belleýşi ýaly, sebit türkmen bazaryna azyk we galla önümlerini iberýär, türkmen dokma önümlerini import edýär. Şoňa laýyklykda hem, özara söwdada harytlaryň görnüşini giňeltmek isleýär. Duşuşykda I.Babuşkin türkmen wekiliýetine türkmen bazaryna önümlerini iberilmek isleýän Astrahan kärhanalarynyň sanawyny gowşurdy. Ol, şeýle hem, Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli gatnaw ugrunyň açylmagynyň özara söwda mukdaryny ýokarlandyrmagyna goşant goşjakdygyny belläp, türkmen tarapdan ýük gatnawyny dolandyrýan kompaniýanyň kesgitlenilmegi barada durup geçdi. Igor Babuşkin: «Biz sebitimizde Türkmenistanyň logistika merkezini açmak isleýäris.Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin biz islendik tekliplere açyk we ähliumumy gatnaşyklarymyzy berkitmek üçin ähli tagallalary ederis» diýip aýtdy.