Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň egindeş başlyklary — Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin duşuşyk geçirdiler. Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Marat Husnullin bu duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 21,4% ýokarlandy. Häzirki wagtda taraplar 2025–2027-nji ýyllar üçin hökümetara çäreleriň meýilnamasyny taýýarlaýarlar. Duşuşykda wise-premýerler söwda, energetika, senagat, oba hojalygy, medeniýet we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şol sanda Türkmenistan arkaly Hytaýa barýan ugry hem-de Wolga-Hazar kanaly taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekki taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy portuna çykalgasy bolan Wolga-Hazar kanaly hem-de «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çägindäki «Hazaryň gündogar aýlawy» ugry görkezildi. Nökerguly Atagulyýew hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli dowam etdirilmegine taýýardygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir