Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa ugratmak bilen meşgullanýan “Ýönekeý” kompaniýasy hasaba almak möhletiniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar. Okuw üçin hasaba almagyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji iýunyna çenli süýşürildi. «Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hançžou, Nannin, Kunmin hem-de Dalýan ýaly 25 sany esasy iri şäherlerinde ýerleşýän öňdebaryjy uniwersitetlere girmekde hemmetaraplaýyn giňişleýin goldaw berýär. Uniwersitetlerde aşakdaky ugurlar boýunça bilim alyp bolýar: Lukmançylyk (dentist, umumy lukmançylyk we ş.m.); IT we kompýuter tehnologiýalary; Halkara ykdysadyýet we söwda; Telekeçilik (entrepreneurship); Terjimeçilik we dil ugry. Şeýle-de dizaýn, inženerçilik, syýahatçylyk, marketing ýaly başga-da birnäçe ugurlar bar. Okuwlary hytaý dilinde, käbir uniwersitetlerde bolsa iňlis dilinde okamak mümkinçiligi bar. Okuwlar bakalawr hem-de dil kursy görnüşinde alnyp barylýar. «Ýönekeý» bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli uniwersitetler resmi sanawa girýär we olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär. Talyplar üçin amatly bolar ýaly maşgala agzalaryndan VISA kartyna yzygiderli pul geçirilmegi arkaly maliýe goldawyny almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Okuwlaryň tölegleri, okuw maksatnamalary hem-de uniwersitetleriň aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary almak üçin https://yonekey.hytay.com resmi portalyna girmek maslahat berilýär. Şeýle hem web saýtda okuwlaryň şäherleri barada maglumat materiallary, Hytaýda okap ýokary bilim almagyň aýratynlyklary barada webinaryň ýazgysy hem-de arza bermek elýeterlidir. Portalda hasaba alnandan soň, kompaniýanyň hünärmenleri mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin her bir dalaşgär bilen gysga wagtyň içinde habarlaşarlar. «Ýönekeý» kompaniýasy okuw maksatnamasynda ýerleriň sanynyň çäklidigini we gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere Hytaýyň uniwersitetlerine arzalaryny gijikdirmän tabşyrmagy teklip edýär. Kompaniýa ýüz tutmak ýa-da goşmaça maglumat almak üçin onuň resmi web sahypasy https://yonekey.hytay.com bilen tanşyp bilersiňiz. “Ýönekeý” uniwersitet saýlamakda, resminamalary resmileşdirmekde, wiza almakda, ýaşaýyş ýerini gözlemek ýakyndan ýardam berer.