24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi. Lawrowyň şeýle hem türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirilýär. Zaharowanyň aýtmagyna görä, diplomatlar ýokary we iň ýokary derejelerde boljak syýasy aragatnaşyklary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar. "Sebitleýin gün tertibi, dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar we köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly pikir alyşmalar geçiriler" diýip, TASS agentligi Russiýanyň DIM-niň wekiline salgylanyp habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir