Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda ýene birinji orny eýeledi

Apple ýylyň jemi boýunça ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Bu barada Brand Finance Global 500 gözleginde habar berilýär.
Apple brendiniň bahasy bir ýylda 11% - 574,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Reýtingde ikinji orny bir ýylda 35% ($461,1 mlrd çenli) ösüş görkezen Microsoft, üçünji orny 24% ($413 mlrd çenli) ösüş bilen Google eýeled...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Kanadanyň täze ilçisi Türkmenistanda işe başlady

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunda Mejlisiň milli kanun...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Günüň üstünde güýçli alawlama bolup geçdi

21-nji ýanwarda Günüň üstünde güýçli M derejeli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU “IPG”) salgylanýan TASS habar berýär.
48 minutlap dowam eden M3.3 klasa degişli alawlama Günüň 3967 (S17E23) tegmiller toparynda Aşgabat wagty bilen 15:39-da rentgen diapazonynda hasaba alyndy.
Russiýanyň Ylymlar akademiýas...

Dowamy »

63 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Neapolyň golaýyndaky ada auksiona çykaryldy: başlangyç baha €5 mln

Tirren deňzindäki Possuoli aýlagynda Neapolyň kenaryna golaý ýerleşýän Punta-Pennata adasy satuwa çykaryldy. Sotheby’s auksion öýi ada üçin başlangyç bahanyň 5 mln ýewrodygyny habar berdi.
Ada hususy emläk bolup, neapolitan maşgalasynyň mirasdüşerlerine degişlidir. Adanyň çäginde ýedi otagly, çakyr saklanýan ýerzeminli we gämi duralgasy bola...

Dowamy »

61 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Şwesiýada buzdan myhmanhana açyldy: ol aprele çenli eräp gidýär

Şwesiýanyň demirgazygynda her ýaz paslynda ereýän, birnäçe aýdan soň täzeden gurulýan buzdan täsin myhmanhana – Icehotel gaýtadan açyldy.
500 tonna buzdan ýasalan myhmanhana Ýukkasýärwi etrabynda ýerleşýär. Bina 12 sany art-lýuks otagdan, 20 sany standart otagdan, dabaralar üçin zaldan we 220-den gowrak täsin heýkellerden ybarat.
Myhm...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ilkinji gezek, kelleçanagy açmazdan, göz hanasyndan aralaşyp, beýniniň çişi aýryldy

Britaniýanyň Lids şäheriniň (Ýorkşir graflygy) hirurglary göz hanasyndan aralaşmak arkaly beýnidäki çişi aýyrmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany amala aşyrdylar. Bu barada The Guardian habar berýär.
Näsag 40 ýaşly şepagat uýasy Ruwimbo Kawiýa bolup, 2023-nji ýylda oňa beýniniň aralaşmasy kyn ýeri bolan öýjükli sinusda meningioma kesel ke...

Dowamy »

67 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Baş prokurory Ysa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada diplomatik wekilhanada habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Hem...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Donald Trampyň gyzyl Ferrari F430 awtoulagy auksiona çykaryldy

Rockstar Car Auctions auksion öýi öň Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 awtoulagyny auksiona çykardy. Başlangyç baha 1 mln dollar diýip, Carscoops portaly habar berýär.
Söwda 16-njy fewraldan 9-njy mart aralygynda geçiriler.
Alyjy diňe bir sportkary däl, eýsem ulag serişdesiniň asyl pasportyny we Donald Trampyň adyna resmileşdir...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Bloomberg: Tramp kriptowalýutany ABŞ-nyň döwlet ähmiýetli ugruna öwürmek isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutany Birleşen Ştatlar üçin ýurt ähmiýetli ugra öwürjek permana gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Çeşmelere görä, resminamada bu ugurda syýasaty işläp düzmek bilen meşgullanjak kriptowalýuta boýunça konsultatiw geňeşi döretmek teklip edilip bilner. Şeýle-de, hökü...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

BYD, Nissan we Volkswagen: 2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan sedanlar we hetçbekler

2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär.
Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17,97 milliona ýetdi. Premium kategoriýa degişli awtoulaglaryň satuwy bolsa 2,3% ýokarlanyp, 4,74 milliona ýetdi.
Sedan we hetçb...

Dowamy »

70 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanda gümrük gullugynda täze Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy.
Täze merkezde gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda maglumatlary toplamaga we seljermäge, maglumat çeşmelerini, intellektual tehnologiýalar ulgamyny we rentgen-göz...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy

Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji prezidenti wezipesine girişdi.
Kasam kabul ediş dabarasy, öňden gelýän däbe görä, Kapitoliýniň basgançaklarynda däl-de, içinde geçirildi. Munuň sebäbi howanyň sowuk bolmagy bilen düşündirilýär. Bu barada saýlanan Prezident dabaradan üç gün öň yglan edipdi.
Ilki bilen, wise-prezident Jeý Di...

Dowamy »

71 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Nýu-Ýorkda howa taksisi şäher eteginden Manhettene 5 minutda ýetmegi teklip edýär

Blade Urban Air Mobility kompaniýasy Nýu-Ýork şäheriniň etegindäki barly ýaşaýjylar üçin dikuçar gatnawlaryny işe girizýär. Indi olar dyknyşyklardan gaçyp we wagty tygşytlap, Manhettene çalt we rahat ýetip biler diýip, Bloomberg habar berýär.

Demirgazyk Nýu-Jersiniň we Nasso okrugynyň ýaşaýjylary günbatar Manhettene dikuçarda bary-ýo...

Dowamy »

74 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Netflix “Narniýanyň Ýazgylary” filmini ilkinji gezek öz platformasyndan öň kinoteatrlarda görkezer

Greta Gerwigiň täze “Narniýanyň Ýazgylary” (Хроники Нарнии) filmi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda prokata çykar. Täze film Netflix-de täze ýyldan öň neşir edilmez diýip, Variety neşiri habar berýär.

Habara görä režissýor Greta Gerwig Narniýanyň Ýazgylary kitaplary esasynda düşüren filmini ilki kinoteatrlarda görkezmek üçin Netflix-iň ýo...

Dowamy »

79 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Bitkoiniň bahasy 105 müň dollara bardy

Bitkoiniň bahasy ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ertir geçiriljek kasam kabul ediş dabarasynyň öňüsyrasynda möhüm 100 müň dollar derejesinden geçip 105 müň dollara ýetdi diýip, Investing.com habar berýär.

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda kriptowalýutanyň bahasy 94 müň 566 dollardy, emma anna güni ol 105 müň dollardan geçip...

Dowamy »

85 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azaldy

Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azalyp, 1,40828 mlrd boldy.

HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň hasabatynda bir ýylda ýutda 9,54 mln adamyň dünýä inendigi we 10,93 mln adamyň ölendigi bellenilýär. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti 6,77 we 7,76 promille boldy.

“Erkek ilatyň sany 719,09 mln (0,1 göteri...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

TikTok ABŞ-da gadagan edilenden bir gün soň ýene açylyp başlady

Gysga wideo döretmek we görmek hyzmatyny hödürleýän TikTok ABŞ-da petiklenenden bir gün soň, işini gaýtadan dikeltmäge başlady. Bu barada TikTok-yň X sosial torundaky resmi hasabynda mälim edildi.

“Hyzmat üpjün edijilerimiz bilen ylalaşyp, TikTok hyzmatlaryny gaýtadan dikeltmek ugrunda işleýäris. Biz prezident Trampa, hyzmat üpjün ed...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

ABŞ-da rekord aralyga uçup bilýän robot mör-möjek döredildi

Alymlar dünýäde mör-möjekleriň, esasanam arylar bilen kebelekleriň azalmagyndan alada edýärler. Bu ýagdaý oba hojalygynda uly mesele döredip biler, sebäbi ösümlikleri tozanlandyrmak üçin mör-möjekler zerurdyr. Bu meseläni çözmek üçin alymlar ownuk robot mör-möjekleri işläp düzýärler. Bu robotlar ösümlikleri hakyky mör-möjekler ýaly tozanlandyryp bi...

Dowamy »

66 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Aý ýumrulmak howpy abanýan obýektleriň sanawyna goşuldy

Bütindünýä ýadygärlikler gaznasy Aýy howp astyndaky medeni miras obýektleriniň sanawyna goşdy. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, Aý kosmos syýahatçylygyndan we hemrada alnyp barylýan işlerden zyýan çekýär.
Gaznanyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Benedikt de Monlor 90-dan gowrak möhüm obýektiň howp astyndadygyny belledi. Olar...

Dowamy »

69 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago

Marsda gadymy suw howdanlaryndan galan tolkunlaryň yzlary tapyldy

Halkara alymlar topary Marsda hereket edýän Curiosity enjamyndan alnan maglumatlaryň kömegi bilen bu planetada bir wagtlar suwly kölleriň bardygyny subut edýän delilleri tapdylar. Bu barada Science Advances žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.
Curiosity enjamy Geýl kraterindäki daşly gatlaklarda tolkunlaryň we ýeliň netijesinde ýalpak su...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago