18-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli döredijilik bäsleşiklerini guramak meýilleşdirilýär. Awgust aýynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere awgust aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir