Ýazyjy Paolo Koelýonyň «Alhimik» romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýarlar
Häzirki zamanyň iň köp okalýan ýazyjylarynyň biri Paolo Koelýonyň «Alhimik» romany ekranlaşdyrylar diýip, THR neşirine salgylanýan «Kino-teatr.ru» ýazýar.
1988-nji ýylda neşir edilen meşhur romany ekranlaşdyrmaga öň köp kinostudiýalar, şol sanda «Warner Bros. », «The Weinstein Co.» we «Westbrook Studios» hem synanyşypdy, indi bu taslamany du...
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Şuşa şäherinde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 27-nji mejlisine gatnaşýar.
Duşuşyk 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň YHG-a başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilýär. Guramanyň şu ýyl üçin mowzugy «Ýaşyl geçiş we özara baglanyşyk» diýlip atlandyrylýar.
Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder
Türkiýe öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Ýewropa çempionatyny kabul eder. Has takygy, 2032-nji ýylda Ýewropa çempionaty Türkiýede we Italiýada geçiriler. UEFA-nyň bu baradaky degişli çözgüdi şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen konferensiýadan soň mälim edildi. Şol bir wagtyň özünde UEFA 2028-nji ýylda geçiriljek yklym birinjiligi...
Pakistanyň energetika ministri Türkmenistana geler
Pakistanyň federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali oktýabr aýynda Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde Muhammad Ali «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara nebit-gaz forumyna gatnaşar we türkmen tarapynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçiriler. Bu barada «Associated Press of Pa...
Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy
Özbegistan Russiýanyň «Gazprom» döwlet edarasy bilen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almak boýunça gepleşiklere başlady diýip, ýurduň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýanat berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
Geçen şenbede Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň Prezidentleri Wladimir Putin, Kasym-Žomart Tokaýew we Şawkat M...
BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Filippo Grandi häzirki döwürde dünýäde ýagdaýyň elhençdigi we barha ýaramazlaşýandygy, şunuň bilen baglylykda haýyr-sahawat boýunça işgärleriň has çylşyrymly şertlerde işlemeli bolýandygy hem-de olara kömek etmek babatda hiç hili syýasy ädimleriň ädilmeýändigi barada beýa...
Burak Özçiwit Türkmenistana geler
Oktýabr aýynda Türkmensitanda halkara kino festiwaly geçiriler. 14-15-nji oktýabrda geçiriljek bu festiwal Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini, ýerli we halkara metbugat wekillerini, medeniýet-sungat ussatlaryny bir ýere jemlär.
Festiwala dünýä kino sungatynda meşhurlyga ýeten ýyldyzlar...
Türkmen wekiliýeti Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Şu gün Özbegistanyň Samarkand şäherinde Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada Özbegistanyň Adalat ministrligi habar berýär.
Halkara notarius hyzmatdaşlyk komissiýasynyň nobatdaky mejlisi «Notarius işinde jenaýatdan alnan girdejiniň kanunylaşdyrylmagyna...
«Halkbank» PTB: Kartdan karta pul geçirmek hyzmaty ýola goýuldy
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky müşderiler üçin bir «Altyn asyr» bank kartyndan başga bir «Altyn asyr» bank kartyna pul geçirimlerini amala aşyrmak hyzmatynyň elýeterli bolandygyny habar berýär.
Bu hyzmatdan peýdalanmak bilen, bankyň müşderileri bankomatlaryň, «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen...
Türkiýäniň daşary işler ministri 10-11-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda saparda bolar
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça 10-11-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapada bolar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär.
«Saparyň dowamynda dostlukly we doganlyk Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem häzirki sebi...
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Astana şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýermuhambet Konuspaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy haba...
Türkmen we daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň «Arkadag» medaly gowşuryldy
Şu gün — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlara hünär baýramy mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan halkara forumyň çäklerinde ýurtda täze döredilen bu döwlet sylagynyň gowşurylyş dab...
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaýda ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýerli «Dubai United» toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Dubai Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen ýygyndsyynyň peýdasyna tamamlandy. Milli ýygynda ýeňiş getiren toplary Ruslan Mingazow, Myrat Annaýe...
Lebap welaýatynda iki sany köpugurly etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek işleri tamamlandy
Lebap welaýatynyň Dänew we Saýat etraplarynda köpugurly etrap hassahanalarynyň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Üç gatly hassahanalaryň her biriniň binasy 150 adam üçin niýetlenendir we goşmaça hojalyk desgalary hem göz öňünde tutulandyr.
Köpugurly hassahanalarda anyklaýyş we maslahat beriş, stomatologiýa, anesteziologiýa-reanimasiýa, um...
«Duty Free» söwdasyny esaslandyryjylaryň biri Çarlz Fini aradan çykdy
Howa menzillerinde paçsyz söwdany döredijileriň biri bolan amerikaly işewür Çarlz Fini 92 ýaşyndan aradan çykdy diýip, onuň haýyr-sahawat gaznasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
1960-njy ýylda telekeçi howa menzillerinde gümrük salgytsyz dükanlar zynjyryny açdy, 1988-nji ýylda ol «Forbes» neşiriniň wersiýasy b...
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 15-nji jildi okyjylara gowuşdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Düýn 10-njy oktýabrda bu baýram...
Türkmenistanda Kanadanyň täze ilçisi işe başlady
10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jo...
«Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy ýurtda giňden isleg bildirilýän demirbeton konstruksiýalarylarynyň, panel materiallarynyň, keramiki kerpiçleriň we keramzidiň önümçiligine ýöriteleşendir.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Demirbetonkonstruksiýa» döwlet kärhanasy 1957-nji ýylda işe...
Halkara maliýe guramasy Türkmenistan üçin täze sebitleýin müdiri wezipä belledi
Nil Makkeýn Halkara maliýe guramasynyň (IFC) Türkmenistan we Özbegistan boýunça sebit müdiri wezipesine bellendi. Jenap Makkeýn IFC-iň hususy pudagyň ösüşini öňe sürmek we bu ýurtlarda durnukly, öz içine alyjy ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin strategik we amaly tagallalaryna ýolbaşçylyk eder diýip, «UzDaily.uz» habar berýär.
Bellenilişi ýaly,...
Wolkanowskiý Mahaçýewiň garşydaşy boldy
Sports.ru-nyň habar bermegine görä, awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiý UFC 294-de Islam Mahaçýewiň garşydaşy bolar. Ozal Mahaçýewiň garşydaşy Çarles Oliweýrady.
Munuň sebäbi Oliweýranyň şikes sebäpli ýaryşdan çekilmegidir. Onuň gaşynyň üstünde kesik emele geldi.
Bu üýtgeşme ESPN tarapyndan hem makullandy. Ýakynda bolsa resmi ýagdaýda...