Şu gün Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdiler. Bu barada TDH ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden SWAP usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýyl türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri SWAP usuly bilen Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler. Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir