Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Palestinanyň halky we ilkinji nobatda palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Palestinanyň halkyna muzdsuz bermek tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda, şu gün derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik ýükleri Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Ynsanperwerlik ýükleri ugradylan uçar Müsüre baryp gonar we ondaky harytlar Palestinanyň halkyna ýetiriler. Şeýle kynçylykly döwürlerde kömek-goldawa mätäçlere hemişe dostluk goluny uzatmaga taýýardygy, olara ynsanperwerlik kömegini iberýändigi türkmen halkynyň ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz eýerýändiginiň, Türkmenistanyň parahatçylygyň hem-de ynsanperwerligiň beýik taglymlaryna ygrarlydygynyň, öz döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir.