«Arkadag» futbol toparynyň resmi nyşany tassyklanyldy. Bu barada «Arkadag» gazeti habar berýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurtdaky ilkinji «akylly» şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze toparyň nyşanynyň şekil taslamalary hödürlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hödürlenen taslamalaryň arasynda şu habarymyz bilen ugurdaşlykda synlaýan şekiliňizi täze toparyň resmi nyşany hökmünde tassyklap berdi. Nyşan sportuň, dowamly öňegidişligiň we belent maksatlaryň ruhuny özünde jemleýär. Nyşanyň mawy asman we başy garly daglar bilen kybapdaş umumy reňki süňňündäki şekiller bilen sazlaşýar. Köpetdagy ýassanyp oturan «akylly» şäher bilen adybir topar edil ajaýyp Akhanyň çarpaýa galyşy bilen bütin dünýäni aňk edişi ýaly, türkmen sportunyň taryhynda täze sahypalary ýazar. Toparyň şekil ýazgysynda bolsa, aňymyza Arkadag şäheriniň beýik ady bilen ornaşan görnüşler öz beýanyny tapýar. Mundan beýläk bu nyşan «Arkadag» futbol toparynyň resmi nyşany hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýan bolar. Ilkinji nobatda, ol toparyň futbolçylarynyň döşüni, soňra-da azym-azym ýaryşlaryň öňdäki orunlaryny bezär. Ýeri gelende, toparyň ilkinji möwsümini örän ajaýyp geçirýändigini bellemek gerek. Möwsümiň başyndan bäri, Türkmenistanyň çempionatynda 18, Kubok ýaryşynda bolsa 5 duşuşyk geçiren topar şolaryň ählisinde-de ýeňiş gazanyp gelýär. Toparyň futbolçylary bu duşuşyklarda garşydaş derwezelerinden 85 pökgi geçirdiler. Şolaryň30-syny tejribelihüjümçiDidar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy. Çempionlyga we ýurdumyzyň kubogyna juda ýakyn topar geljek ýyldan özüni halkara giňişlikde hem görkezip başlar.