Şu gün Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow sapar bilen Daşkende baran Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, kärdeşler gepleşikleriň dowamynda ertir – 9-njy noýabrda Daşkentde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň gün tertibi, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmek barada pikir alyşdylar.