Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi. Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen garalýan döwürde görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw türgenleşigi barada-da hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. — Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak zerurdyr — diýip, döwlet Baştutany nygtady. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçendigini belläp, Milli goşun üçin ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamagy, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. — Mähriban halkymyzyň harby däpleriniň esasynda ýaş esgerleriň we harby talyplaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi, olaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegi bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde bolmalydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri we wezipe borçlary, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi we şunuň bilen baglylykda Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini we işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleriň görüljekdigini belledi. 10 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.