Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli Perman esasynda: Azamat Beşimowiç Çaryýew Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, ol şol kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizildi hem-de Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy; Wepa Muhammetmyradowiç Meredow Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, ol şol kazyýetiň Prezidiumynyň düzümine girizildi hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy; Jennet Rejepowna Almazowa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Nurguly Bäşimgulyýewiç Ataýew Balkan welaýatynyň Bereket etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Daýanç Bäşimowiç Arslanow Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Toýly Döwletdurdyýewiç Akmyradow Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Serdar Amangeldi ogly Ýagşygulyýew Mary welaýatynyň Murgap etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Päkize Ybragym gyzy Öwezmämmedowa Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Akmuhammet Geldimyradowiç Abdyllaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi; Annageldi Allalyýewiç Nuryýew, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy; Ogulgöwher Şamuhammedowna Gylyçlyýewa, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.