Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň işgärlerinden ybarat wekilçilikli türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 42-nji mejlisine gatnaşýar. Türkmenistanyň Fransiýadaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan habar berilmegine görä, mejlisiň çäklerinde türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri, şol sanda Baş direktoryň orunbasary Ernesto Ramirez bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Fransiýadaky türkmen ilçisi Maksat Çaryýew girdi.