“Real” Karlo Ançelotti bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy
64 ýaşly italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Madridiň “Realy” bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, championat.com belleýär.
Bellenilişi ýaly, “Realyň” ýolbaşçylygy Ançelottiniň toparyň başyndaky işinden örän hoşal. Italiýaly hünärmen madridlilere iki gezek ýolbaşçy...
Ronaldu 2023-nji ýylyň dünýä sportunyň ýyldyzlarynyň reýtinginde birinji orunda
SMM bilen meşgullanýan Hopper HQ kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýä spotunyň ýyldyzlarynyň reýtingini hödürledi. Onuň lideri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy.
Ikinji orny “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Üçünji orunda hindistanly kriketçi Wirat Kohli ýe...
Dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 2023-nji ýylda 1,5 trln dollar artdy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 1,5 trln dollar ýokarlandy. Bloomberg Billionaires reýtinginde Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask birinji orny yzyna gaýdyp aldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Şu ýyl Maskyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň 105% gymmatlamagy netijesinde 95,4 mlrd dollar artyp, 232,393 mlrd dollara ý...
Dubaýda dünýädäki iň uly Rubigiň kubigi gurnaldy
Dubaýdaky 700 töweregi ýokary okuw mekdebini we okuw merkezlerini jemleýän bilim klasteri Dubai Knowledge Park öz 20 ýyllygy mynasybetli agramy 300 kg-dan gowrak ägirt uly Rubigiň kubigini gurnady. Bu kubik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, bigasia.ru habar berýär.
Rubigiň kubigi bir metr beýiklikdäki 21 sany aýna süýümli kubdan y...
Dünýäde baýlygy 100 mlrd dollara ýeten ilkinji zenan belli boldy
L’Oreal kosmetika kompaniýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Betankur Maýers dünýäde baýlygy 100 mlrd dollara ýeten ilkinji zenan boldy.
Report agentliginiň Bloomberg-e salgylanyp habar bermegine görä, onuň baýlygy 100,2 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şeýle ösüşe 1909-njy ýylda onuň atasy tarapyndan esaslandyrylan L’Oreal kompaniýasynyň paýnamalar...
Transfermarkt 2023-nji ýylda iň gymmatlan futbol oýunçylaryny saýlady
Transfermarkt internet portaly öz telegram-kanalynda 2023-nji ýylda transfer bahasyny iň köp ýokarlandyran futbolçylaryň sanawyny çap etdi.
Reýtingiň öňdebaryjysy “Realyň” (Madrid) ýarymgoragçysy Jud Bellingem boldy. “Braýton end Houw Albion”-yň 19 ýaşly iňlis hüjümçisi Ewan Fergýuson ikinji setirden orun aldy.
Iň gymmatlan 10 oýunçy:...
SpaceX kompaniýasynyň rekord eýesine öwrülen raketasy Ýere gaýdyp gelenden soň ýumruldy
SpaceX amerikan kompaniýasy B1058 seriýa belgili köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagyny ýitirdi. Enjam rekord bolan 19 uçuryşy we Ýere gaýdyp gelşi amala aşyrdy, ýöne ol daşama wagty ýykylmagy netijesinde doly diýen ýaly ýumruldy.
Report agentliginiň habar bermegine görä, waka baradaky habar SpaceX-iň X sosial ulgamyndaky res...
Google ulanyjylarynyň maglumatlaryny gizlin ýygnandygy üçin 5 mlrd dollar tölemäge borçly ediler
Amerikanyň Google kompaniýasy Google Chrome brauzeriniň ulanyjylarynyň maglumatlaryny gizlin ýygnamaklygy bilen bagly azyndan 5 milliard dollarlyk kazyýet işi boýunça ylalaşyga gelmek üçin deslapky çözgüdi tapdy.
Bu barada Reuters habarlar gullugy arzaçylaryň we günäkärlenýäniň aklawçylaryna salgylanyp habar berdi.
Ylalaşygyň şertleri...
Samsung smartfony kompýuter bilen baglamak üçin ykjam goşundy çykardy
Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy öz smartfonlaryny kompýuter bilen birikdirmek üçin SamsungPhone ykjam goşundysyny çykardy. Bu ykjam goşundy smartfonyň doly mümkinçiliklerini göni Windows 10 ýa-da Windows 11 bilen işleýän kompýuterde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, SamsungPhone programmasyny ulanyp, Samsung Galaxy smartfonyny k...
Emeli aňy döredijiler ony ösdürmek üçin Garri Potter hakyndaky kitaplary ulanýarlar
AI (emeli aň) tehnologiýalary bilen synag geçirmek üçin Garri Potter hakyndaky iň geçginli kitaplary ulanyp başladylar. Alymlar generator ulgamlarynyň belli bir maglumatlary nädip öwrenýändigini we ýat tutýandygyny barlamak üçin birnäçe romanyň üsti bilen AI-ni barlap görýärler.
Serialyň köpçüligiň medeniýetine dowamly täsiriniň bardygy, dil...
Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny 2026-njy ýylda Ýaponiýada geçirilip bilner
Halkara Olimpiýa Komiteti (IOC) Ýaponiýa 2026-njy ýylda ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny geçirmegi teklip edýär. Bu barada Kyodo çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu mesele 2024-nji ýylda has jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.
Oktýabr aýynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah ýörite komissiýanyň O...
Konor Makgregor UFC-de indiki söweşi barada möhüm habar aýtdy
Iki agram derejesinde UFC-iň öňki çempiony Konor Makgregor sosial ulgam sahypasynda özüniň indiki söweşine bagyşlanan täze ýazgyny çap etdi.
"Indiki söweşimiň haçandygyny we garşydaşymyň kimdigini Täze - 2024-nji ýylda yglan ederin" - diýip, Makgregor özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy.
Makgregoryň 2013-nji ý...
Magnus Karlsen çalt küşt boýunça dünýä çempionatynda yzygider ikinji ýyl ýeňiji boldy
16-njy dünýä çempiony, dünýä reýtinginiň lideri, norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen Samarkantda (Özbegistan) geçirilýän ýaryşda blits (çalt küşt) boýunça dünýä çempiony diýen ady gorady. Umuman alanyňda, bu 33 ýaşly norwegiýaly küştçiniň ýedinji ady.
Samarkandda geçirilen rapid boýunça dünýä çempionatynda Karlseniň geçen ýylky adyny go...
Argentinanyň milli toparynda Messi gideninden soň 10-luk belgi ulanylyşdan aýrylar
Argentinanyň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Klaudio Çiki Tapia ýurduň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi topardaky karýerasyny tamamlandan soň, onuň oýun belgisiniň ulanylyşdan aýryljakdygyny aýtdy.
“Haçan-da Messi milli ýygyndydan gideninde, biz onuň yzyndan hiç kime 10-luk belgili forma geýmäge ýol bermeris. Bu 10-luk belgi Mess...
UFC täze antidoping programmasy barada maglumat berdi
UFC promouşeni täze antidoping programmasy barada maglumatlar bilen paýlaşdy. ABŞ-nyň Antidoping agentligi (USADA) bilen hyzmatdaşlyk bes edilenden soň, Dana Uaýtyň ligasy Drug Free Sport International (DFSI) agentligi bilen işleşer. Bu barada championat.com habar berýär.
Bellenilişi ýaly, DFSI-niň dünýäde doping barlagy üçin nusgalary ýygna...
Hytaý ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysyna öwrüler
Hytaý 2023-nji ýylyň jemi boýunça Russiýanyň we Meksikanyň bazarlaryna üpjünçiligiň ýokarlanmagy netijesinde dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy bolar. Bu barada “Nikkei” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.
Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda HHR-de ýygnalan awtomob...
Copilot çat-boty saz ýazmaga we aýdymyň sözlerini düzmäge başlady
TechCrunch-iň habaryna görä, Microsoft-yň emeli aň esasly Copilot çat-boty GenAI-yň Suno aýdym-saz hyzmaty bilen birleşmek arkaly aýdym ýazyp biler. Ulanyjylar “Maşgalaňyz bilen başdan geçirmeleriňiz hakda pop aýdymy dörediň” ýaly pikirleri Copilot-a girizip bilerler we Suno sözleri, sazlary we aýdymçylaryň sesleri bilen birlikde aýdym teklip eder....
Nýu-Ýorkda 4-nji dekabry repçi Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler
Nýu-Ýorkda amerikaly repçi Jay-Z-niň (hakyky ady Şon Kori Karter) doglan güni mynasybetli 4-nji dekabry Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler. Bu barada lenta.ru habar berýär.
Şeýle teklip bilen Nýu-Ýorkyň şäher geňeşiniň agzalary çykyş etdiler. Repçi Bruklinde dünýä indi we Bedford-Staýwesant etrabynda ulaldy. Ol çagalykda ejesiniň bu...
«PSŽ-niň» indiki möwsümde çykyş etjek köýnekçesinde Eýfel diňiniň şekili ýerleşdiriler
Internetde «Pari Sen-Žermen» toparynyň geljek möwsüm myhmançylyk duşuşyklarynda geýjek köýnekçesiniň suraty peýda boldy. Bu barada mail.ru «Footy Headlines» neşirine salgylanyp habar berýär.
Myhmançylyk köýnekçesi Fransiýanyň baýdagynyň reňklerinde bolar. Ak köýnekçede gök we gyzyl reňklerde Eýfel diňiniň uly şekili ýerleşdiriler. Bu dizaýn...
SpaceX bir ýylda uçurylan raketalaryň sany boýunça täze rekord goýdy
«SpaceX» kompaniýasy şu ýyly ajaýyp netijeler bilen tamamlar. Ol 2023-nji ýylda jemi 97 sany «Falcon» raketasyny uçurdy. Bu 2022-nji ýylda uçurylan 60 raketa bilen deňeşdirilende, örän uly netije.
Işgärleriň özleri has uly maksatlarynyň bardygyny aýdýarlar – olar tamamlanyp barýan ýylda 100 uçuryş amala aşyrmagy umyt edýärdiler. Muňa garamaz...