ABŞ-nyň Baltimorynda awtoulag köprüsi Şri-Lanka barýan «Dali» ýük gämisi baryp urlandan soňra ýykyldy. Ýerli «FOX Baltimore» teleýaýlymynyň habaryna görä, birnäçe ulag derýa gaçdy. Gämi köprüniň direg sütünine uruldy, soňra ýanyp başlady we suwa ýykyldy. «Frensis Skott Ki köprüsi ýük gämisi çaknyşandan soňra Patapsko derýasyna ýykyldy» diýlip, habarda aýdylýar. Heläkçilik wagty ýedi adam, birnäçe ulag serişdesi, şol sanda tirkegli ýük ulagy hem suwa gaçdy. Häzir wakanyň bolan ýerinde gözleg-halas işleri alnyp barylýar diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir