Omanyň Saglygy goraýyş ministrligi mukaddes Remezan aýynda birnäçe sagatlap agyz beklemekden soňra, suw içmek dogrusynda birnäçe maslahatlar berdi. Maslahatlar aşakdakylary öz içine alýar: Suw bilen agyz açyp başlamak has gowusydyr. Aram ýylylykly bir käse suw bilen agyz açyp başlaň. Agşam namazyny okanyňyzdan soňra, ýene bir käse suw içiň. Bedeniňiziň çyglylygyny üpjün etmek üçin agyz açan mahalyňyzdan tä agyz bekleýänçäňiz wagtal-wagtal suw içip durmagyň peýdalary köpdür. Buz ýaly sowuk suwlary içmekden saklanyň! Suwuk önümlerden köpräk peýdalanyň. Çorbalar, miweli we şireli suwlar ýaly dürli-dürli görnüşleri bilen bedeniňizi gurbatlandyryň. Düzüminde kofein bolan içgilerden gaça duruň, sebäbi olar bedeniň suwuklyklaryny azaldýar. Ýokumly iýmitleri iýiň, sebäbi bular bedeniň kadalylygyny saklamakda örän ähmiýetlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir