Dünýäde iki milliarddan gowrak adam üçin arassa agyz suwy elýeterli däl. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli planetanyň ähli ýaşaýjylaryny arassa içimlik suw bilen üpjün etmek babatda maksatlary ýerine ýetirilmeýär diýip, ÝUNESKO halkara guramasyna salgylanýan «24KZ» habar berýär. Bilermenleriň pikiriçe, suw gorlarynyň ýetmezçiligi ekologiýa, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy hem ýaşaýan ýeriňi mejbury terk etmek bilen bagly kynçylyklara getirýär. Howanyň üýtgemegi serhetýaka derýalardyr kölleriň suwunyň paýlanyşyny sazlaşdyrmak boýunça jedelleriň artmagyna hem-de çynlakaýlaşmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa öz nobatynda sebitlerde durnuklylyk üçin töwekgelçilikleri döredýär diýip, bilermenler belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir