Meşhur aktýor we Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 76 ýaşly Arnold Şwarseneggere kardiostimulýator oturdyldy. Bu barada ol Arnold’s Pump Club podkastynda habar berdi diýip, Daily Mail ýazýar. Şwarsenegger öz habarynda geçen duşenbe güni operasiýa geçirendigini, oňa kardiostimulýator oturdylandygyny aýtdy we özüni gowy duýýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Ol operasiýadan dört günden soň daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen uly çärä gatnaşdy. Aktýor bu barada gürrüňi gozgamak islemeýändigini belledi. “Bu barada gürlemegiň Awstriýadaky terbiýäme ters gelýändigini aýtmak gerek, sebäbi bu ýerde hiç kim hiç haçan lukmançylyk näsazlyklary barada aýtmaýar. Saglygyň bilen bagly ähli zady özüňde saklamaly”. Şeýle-de, Şwarsenegger dört ýyl mundan ozal köpçülikde ýürek klapanynyň çalşylandygy barada aýdanda, ýürek keselli adamlardan köp sanly habarlary alandygyny aýtdy. “Adamlar öz göreldäm bilen olary göreşe ruhlandyrandygym üçin minnetdarlyk bildirdiler” – diýip, Şwarsenegger aýtdy. Ýürek şikesi bilen doglan aktýor öň üç operasiýa geçirdi, netijede onuň klapanlary çalşyldy. Bu operasiýalaryň soňkusy 2020-nji ýylda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir