“New York Post” neşiri 2024-nji ýylyň iň stile laýyk geýinýän meşhur ýyldyzlarynyň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny Golliwudyň aktrisasy Emma Stoun eýeledi. Ýatlap geçsek, şu ýyl Stoun “Betbagt biçäreler” filminde iň gowy zenan keşbi üçin “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Film režissýor Ýorgos Lantimos tarapyndan surata düşürildi. Onuň sýužeti suwa gark bolany direlden üýtgeşik hirurgyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Stilistler “Barbiniň” ýyldyzy Margo Robbini-de ünsden düşürmediler. Ol egin-eşikleri we aksessuarlary saýlamakda özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Aktrisa “altyn Golliwuddan ylham alan obrazlary döretdi” diýip, NYP ýazýar. Şeýle-de, sanawda “kino dünýäsine goşan goşandy we gaýtalanmajak stili” üçin aktrisalar Dawaýn Joý Rendolf, Florens Pýu, Amerika Ferrera, Lili Gladstoun, Sandra Hýuller we Greta Li görkezildi. Gladstoun bilen Hýuller (“Ýykylmagyň anatomiýasy”, 2023) 2024-nji ýylda “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň hataryna girdiler, Rendolf bolsa ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi üçin bu baýraga mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir