oeing kompaniýanyň ýolbaşçylygynda uly üýtgetmeleriň geçiriljekdigini mälim etdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, baş müdir Deýw Kalhun 2024-nji ýylyň ahyrynda wezipesinden gider, müdirler geňeşiniň başlygy Larri Kellner bolsa gaýtadan saýlanmak üçin öz dalaşgärligini hödürlemez. Raýat uçarlary bölümçesiniň ýolbaşçysy Den Stil eýýäm kompaniýany terk etdi. Bu üýtgetmeler Boeing uçarlarynyň howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşyklydyr. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Alaska Air awiakompaniýasynyň täze Boeing 737 MAX 9 uçarynyň uçuş wagty heläkçilikde çykyş gapysy gopdy. Uçar uçuş howa menziline asuda gaýdyp geldi, hiç kim zyýan çekmedi, ýöne bu hadysa kompaniýa bolan ynamy gaçyrdy. Howpsuzlyk bilen bagly meseleden başga-da, Boeing sargyt edilen uçarlary ibermekde-de kynçylyk çekýär, bu hem kontragentleriň nägileliginiň ýene bir sebäbi boldy. Boeing-iň täze baş müdiriniň ady heniz belli däl. Ýolbaşçylygyň çalşyljakdygy baradaky habaryň esasynda kompaniýanyň paýnamalary 3% ýokarlandy. Deýw Kalhun 2020-nji ýylda, 346 adamyň ölümine getiren iki 737 Max 8 uçarlarynyň heläkçiliginden soň Boeing-iň ýolbaşçysy boldy. Heläkçilikleriň sebäbi uçarlaryň gurluşyndaky kemçilikler boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir