BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Martin Griffits saglyk ýagdaýy sebäpli 2024-nji ýylyň iýun aýyndan soň wezipesini terk eder. Bu barada TASS habar berýär. “Baş sekretaryň ynsanwerperlik meseleleri boýunça orunbasary we adatdan daşary kömek utgaşdyryjysy Martin Griffits Baş sekretara [Antoniu Guterrişe] saglyk ýagdaýy sebäpli işden gitmekçidigini aýtdy. Jenap Griffits akgynly geçişi üpjün etmek üçin iýun aýynyň ahyryna çenli wezipesinde galar” – diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň wekiliniň orunbasary Farhan Hak žurnalistler üçin geçirilen brifingde aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir