Amerikaly ýaşaýjy satyjynyň maslahatyny diňläp 2 mln dollaryň eýesi boldy
ABŞ-nyň ýaşaýjysy satyjynyň maslahaty bilen utuşly bolup çykan lotereýa petegini satyn alyp, 2 mln dollaryň eýesi boldy. Bu barada Channel 6 habar berýär.
Şeýlelikde, azyk önümleri dükanyndaky satyjy Miçigan ştatynyň Gladston şäherinden 30 ýaşly aýala täze Cash Multiplier lotereýasynyň petegini satyn almagy teklip etdi. Onuň baş baýragy 2 ml...
Kanada adamyň ýüzünden keselini kesgitläp bilýän "aýna" döretdi
Kanadanyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «NuraLogix» kompaniýasy «CES 2024» sergisinde adamyň ýüzüni, deriniň aşagyndaky käbir gan damarlaryny gözden geçirip, alnan maglumatlaryň esasynda onlarça keseliň alamatlaryny kesgitleýän «Anura MagicMirror» atly «jadyly aýnasyny» tanyşdyrdy.
«Anura MagicMirror» 21,5 dýuým ekrany bolan, kameralar we...
Hytaýda robotlar bilen işleýän dünýäniň iň beýik gök önüm fermasy açyldy
Hytaýly alymlar dünýäniň iň beýik dik gök önüm fermasyny döretdiler.
Ferma Hytaýyň Siçuan welaýatynda guruldy we ol 20 gatly jaýyň beýikligindäki binadyr. Taslamanyň esasy aýratynlygy – häzirki zaman ýyladyşhana hyzmat edýän awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we robotlaryň peýdalanylmagydyr.
Bu taslamanyň işlenip düzülmegi netijesinde ýurdu...
Hytaýly alymlar garramagy haýalladýan mehanizm döretdiler
Hytaýly alymlar garramagy haýalladyp bilýän mehanizm döretdiler. Oýlap tapyjylar nanotehnologiýa arkaly karkas implantyny döretdiler. Onuň maksady adam bedenini wodorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Bu madda garrylygyň dürli görnüşlerine: ýatkeşligiň ýaramazlaşmagyna, myşsa massasynyň azalmagyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir.
Şe...
Google Pixel 7a 2023-nji ýylda iň gowy kameraly smartfon diýlip atlandyryldy
Meşhur bloger Mark Braunli «Google Pixel 7a-ny» 2023-nji ýylda bazardaky iň gowy kameraly smartfon diýip atlandyrdy. Ol muny özüniň «YouTube» kanalyndaky wideoda belledi.
Synaglarda bloger dört topara bölünen 20 sany smartfon ulandy. Soňra awtor ses berişlik üçin ýörite sahypa döretdi, onda ulanyjylar alnan iň gowy suratlary saýladylar, emma...
Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalyp biler
Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalmagy mümkin diýip, RAI Nowosti «La Gazzetta dello Sport» neşirine salgylanyp habar berýär.
Neşir Seriýa A-daky öňdebaryjy futbol toparlarynyň özgertmeleriň geçirilmeginiň tarapdarydygyny belleýär. Çünki indiki ýyldan Çempionlar ligasynyň we Klublaryň ar...
MLS-iň oýny Messi üçin has uly stadiona geçirildi
Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby «Sporting Kanzas-Siti» öz meýdançasynda «Inter Maýami» bilen geçirjek duşuşygyny myhmanlaryň argentinaly Lionel Messiniň meşhurlygy sebäpli başga bir stadiona geçirdi. Bu barada «Kanzas-Sitiniň» resmi web sahypasynda habar berilýär.
«Sporting Kanzas-Siti» bilen «Inter Maýami» toparlary...
Sony we Honda emeli aň funksiýalary bolan «Afeela» atly täze elektrokary görkezdiler
Ýaponiýanyň tehnologiýa ägirdi «Sony» we awtoulag öndürijisi «Honda» kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde gurlan «Afeela» atly elektrikli sedany tanyşdyrdylar. Tanyşdyryş çäresi Las-Wegasda her ýyl geçirilýän «CES 2024» atly halkara hojalyk elektronika enjamlarynyň sergisinde geçirildi.
Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda «Sony Honda...
Kazyýet Apple kompaniýasyny iPhone-yň işleýşini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara $500 mln tölemäge borçlandyrdy
Apple amerikan kompaniýasy öz gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara kompensasiýa hökmünde 500 mln dollar tölär. Bu barada The Messenger portalyna salgylanyp, TASS habar berýär.
HBS ABŞ-nyň kazyýetiniň kupertinoly kompaniýany käbir iPhone modelleriniň işini bilkastlaýyn haýallatmakda aýyplaýan toparlaýyn şi...
"Barselonanyň" we Ispaniýanyň öňki goragçysy Pike tälimçilik karýerasyna başlar
«Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Žerar Pike ýakyn wagtda tälimçi hökmünde futbola gaýdyp geljekdigini aýtdy.
«Täze ýyl ýetip geldi we men içgin oýlananymdan soň, futbola dolanmak kararyna geldim. Men ony örän küýseýärin. Bu gezek oýunçy däl-de, tälimçi bolaryn. Hepdäniň ahyrynda anyk maglumatlary paýlaşaryn» di...
Red Bull 2024-nji ýylda ilkinji giperkaryny görkezer
Red Bull topary ilkinji giperkarynyň öndüriljek möhletini üýtgetdi. Awtoulagyň ilkinji gezek görkeziljek senesi bir ýyl öňe süýşdi, ýagny ol şu ýyl eýýäm görkeziler diýip, Red Bull Advanced Technologies bölüminiň başlygy Kristian Horner Sky Sports-a beren interwýusynda aýdandygyny auto.ru habar berýär.
Işläp taýýarlanyş prosesinde giperkary...
BMW 2023-nji ýylda 2,56 mln awtomobil satdy – bu rekord
Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi 2023-nji ýylda rekord 2,56 mln awtomobil satdy. Kompaniýanyň metbugat-relizinde habar berlişi ýaly, ýylyň dowamynda üpjünçilik 6,5% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji çärýekde ösüş 10% - 718,8 müň awtoulaga barabar boldy.
2023-nji ýylda BMW brendiniň awtoulaglarynyň satuwy 7,3%...
Filosofiýany ara alyp maslahatlaşyp biljek neýroulgam döredildi
Immanuil Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň (BFU) hünärmenleri filosofiýa degişli temalar boýunça gürrüňdeşlik geçirmäge ukyply neýro ulgamyny döretdiler. TASS bu barada rus uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
“Kant-bot” diýip atlandyrylýan bu neýro ulgamy uly dil modeliniň esasynda işleýär. Hatda, ol neme...
Sony Apple Vision Pro bilen bäsleşip biljek giňeldilen hakykat garniturasyny hödürledi
Las-Wegasda geçirilen iň uly tehnologiýa sergisinde Sony özüniň giňeldilen hakykat garniturasyny (XR) hödürledi. Gadgets360-a salgylanýan Ferra-nyň habar bermegine görä, enjam 4K durulykly iki sany OLED ekran we iki dolandyryjy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Sony-niň garniturasyny eýýäm Apple Vision Pro-nyň potensial bäsdeşi diýip atlandyrýarlar....
AnTuTu: täze «Xiaomi 14 Pro» iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň global reýtinginde şowsuzlyga uçrady
Meşhur «AnTuTu» bençmarkynyň hünärmenleri halkara bazary üçin «Android» operasion ulgamynda işleýän iň öndürijilikli smartfonlaryň dekabr aýyndaky reýtingini hödürlediler.
Iň soňky reýting, şol sanda öňdebaryjy üçlük hem köp tarapdan üýtgedi. Noýabr aýynda bu sanawda «Qualcomm Snapdragon 8 Gen3» flagman platformasyna esaslanan täze «Xiaomi 1...
LG dury displeýli täze awtoulag hödürledi
LG Las-Wegasdaky CES-de adaty bolmadyk önümi - Alpha-able atly täze konsept-karyny hödürledi. Auto.ru-nyň habaryna görä, kompaniýa geljekki dronlaryň interýerleriniň nähili bolmalydygy baradaky göz öňüne getirmesini hödürledi.
Döredijiler prototipi birnäçe dury çeýe displeýler bilen enjamlaşdyrdylar.
LG Alpha-able-iň has özbaşdak we u...
Dünýäde iň girdejili futbol akademiýalary kesgitlendi
Portugaliýanyň «Benfika» futbol toparynyň akademiýasy 2014 – 2023-nji ýyllar aralygynda iň girdejili futbol akademiýasy boldy. Degişli barlagyň netijeleri Halkara sport barlaglary merkezi (CIES) tarapyndan neşir edildi. Bu barada TASS habar berýär.
Hasabat döwründe Portugaliýanyň futbol toparynyň akademiýasy uçurymlarynyň beýleki toparlara g...
ABŞ-da Sonora çölünde dünýädäki iň haýal kamera – “müňýyllygyň kamerasy” oturdyldy
ABŞ-da 10 asyr dowam etjek üýtgeşik bir tejribe geçirilýär. Arizona ştatyndaky Sonora çölünde dünýäde iň haýal hereket edýän kamera oturdyldy – bu gurluşyň bir suraty düşürmegi üçin dogry 1000 ýyl gerek. Enjam “müňýyllygyň kamerasy” diýlip atlandyrylýar diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär.
Kamera eýýäm çölüň peýzažyny surata düşürip başlady....
«Avatar 4» filmini surata düşürmek işleri 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlar
«Awatar» filminiň dördünji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi aýan edildi. Muny franşizada Jeýk Sally atly gahrymanyň keşbini janlandyran awstraliýaly aktýor Sem Wortington «People» neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berýär
Artist «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeronyň dördünji bölümi surata düşür...
Islam Mahaçew UFC-de indiki söweşiniň senesini mälim etdi
Ýeňil agram derejesinde UFC-niň russiýaly çempiony Islam Mahaçew «X» sosial ulgamynda 8-nji iýunda geçiriljek indiki söweşinde amerikaly Jastin Getji bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Şeýle hem Mahaçew noýabr aýynda Çarlz Oliweýra – Arman Sarukýan tutluşygynyň ýeňijisi bilen söweşjekdigini ýazdy. 2025-nji ýylyň fewral aýynda hem sö...