Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýda 4G tory gurnamak boýunça taslamanyň üstünde işleýär. IXBT-iň ýazmagyna görä, NASA kompaniýa bilen täjirçilik kosmos mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde geljekdäki, aýratynam Artemis maksatnamasynyň çäklerindäki missiýalara peýdaly boljak şertnama baglaşdy. SpaceX raketasy şu ýylyň ahyrynda 4G esasy stansiýasy bolan kosmos gämisini Aýa iberer, ýöne onuň takyk senesi entek yglan edilmedi. Tor Bell Labs laboratoriýasynyň bazasynda gurulýar we Aýyň günorta polýusynda oturdylar. Ol gonuş modulynyň, Lunar Outpost roweriniň we Micro-Nova bunkeriniň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek üçin ulanylar. Lunar Outpost Şeklton gerşiniň golaýyndaky ýerleri öwrener we Micro-Nowa bolsa ol ýerde Aý buzunyň ozal ýüze çykarylan subutnamalaryny tassyklamak üçin Şeklton kraterine düşer. 4G ulgamy buz şekillerini Ýere hakyky wagtda geçirmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir