Consumer Intelligence Research Partners (CIRP) portalynyň analitikleri ABŞ-da iPhone satuwynyň 33%-e çenli peselendigini hasaba aldylar. Bu soňky alty ýylyň içinde iň pes görkezijidir diýip, Appleinsider neşiri ýazýar. Android enjamlarynyň meşhurlygy artýar, iPhone smartfonlarynyň eýeleri bolsa has düýpli täzelenmelere garaşmagy saýlap alyp, enjamlaryny seýrek çalyşýarlar. Şular ýaly kanunalaýyklyga Hytaýda hem gözegçilik edilýär. Counterpoint Research-iň maglumatlaryna görä, iPhone satuwy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19% aşak düşdi. Muňa Huawei we Xiaomi ýaly ýerli öndürijileriň üstünligi täsir etdi. Bu kompaniýalaryň smartfonlary gymmat bahaly smartfon bazarynda meşhurlygyny artdyrýar. Bilermenler iPhone satuwynyň peselmeginiň wagtlaýyn hadysadygy ýa-da bazarda uzakmöhletleýin üýtgeşmeleri aňladýandygy barada heniz anyk pikir aýdyp bilenoklar.