Amerikanyň Moderna biotehnologiýa kompaniýasy ChatGPT çat-botuny dörediji OpenAI bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. Hyzmatdaşlygyň maksady sanjymlary işläp taýýarlamaklygy we onuň paýlanyşyny optimallaşdyrmak ýaly, lukmançylyk pudagynda geljegi uly ugurlar boýunça bilelikde işlemekden ybarat bolar diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Matrisa RNK esasly dermanlary bilen tanalýan Moderna OpenAI-ny täze dermanlary tapmak prosesini çaltlandyrmaga ukyply, gymmatly hyzmatdaş hasaplaýar. Moderna kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Stefan Bansel bilelikdäki işiň rak keseline we dürli wiruslara garşy dermanlary işläp taýýarlamakda netijeli boljakdygyna ynanýar. Bansel ChatGPT-a oňyn garaýandygyny gizlänok we hatda işgärlerinden çat-boty günde azyndan 20 gezek peýdalanmagy talap edýär. Moderna öz zerurlyklary üçin esasynda 750-den gowrak GPT ýerleşdirilen mChat atly çat-botuň ýöriteleşdirilen görnüşini döretdi. "Moderna-nyň ýakyn ýyllarda birnäçe önüm öndürmek baradaky ägirt uly meýilnamasy bar we OpenAI ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek hassalara edýän täsirimizi has giňeltmek we has ýokary derejä çykarmak üçin möhümdir" –diýip, Bansel nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir