Hewlett Packard (HP) amerikan kompaniýasy Ferrari italýan topary bilen köp ýyllyk şertnama gol çekip, "Formula 1-de" italýan toparynyň titul hemaýatkäri boldy. Bu barada HP-niň saýtynda habar berilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde HP Ferrari toparyna türgenleşikleriniň täsirliligini ýokarlandyrmaga we strategiki çözgütleri kabul etmäge ýardam etjek ýokary öndürijilikli kompýuterleri we beýleki tehnologiki çözgütlerini berer. Taraplar şeýle hem geljek nesilleri goldamaga gönükdirilen bilim başlangyçlary ulgamynda hem hyzmatdaşlyk eder. Şertnama baglaşylandan soň, "Formula 1-de" Ferrari toparynyň ady "Scuderia Ferrari HP" diýlip üýtgediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir