Ukrainaly Aliýa Nasyrowa häzirki wagtda ýaşap ýören zenanlaryň arasynda dünýäde iň uzyn saçlaryň eýesi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Boýy 1,65 metr bolan gyzyň saçynyň uzynlygy 257,33 santimetre ýetýär. Häzirki wagtda Aliýa Slowakiýada ýaşaýar, suratkeş, grafiki illýustrator, model bolup işleýär, YouTube-de kanal ýöredýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri Aliýany "janly Rapunsel" diýip atlandyrdylar (Rapunsel - aşa uzyn saçly, belli multfilm gahrymany). Aliýanyň öz aýtmagyna görä, şeýle uzyn saçlary ösdürip ýetişdirmäge ony ejesi, enesi hem-de multfilm gahrymanlary ruhlandyrypdyr. «Lo Show dei Record» italýan programmasynyň ýaýlymynda Aliýa saçyny hiç wagt kiçeltmändigini, diňe ujuny çyrpandygyny aýtdy. Aliýa saçlaryny hepdede bir gezek ýuwýar, ol 30 minut dowam edýär. Aliýa saçlaryny tebigy ýagdaýda - fen ulanmazdan guradýar. Guratmak prosesi bir güne çenli ýetip bilýär. "Saçlarymy diňe guran wagty daraýan. Ol ýuwlandan ertesi güni bir sagat, galan günler 30 minut wagtymy alýar" - diýlip rekordyň eýesi aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir