Bambuk aýylaryny goramak boýunça 10 ýyllyk halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde Hytaý ABŞ San-Diýegonyň haýwanat bagyna bir jübüt pandany - erkek Ýun Çuan bilen ene Sin Baony iberer. Bu barada Hytaýyň Ýabany tebigaty goramak birleşigi (CWCA) habar berdi diýip, TASS habar berýär . Ozal bu haýwanlar Hytaýyň uly pandany gorap saklamak we öwreniş merkezinde ýaşaýardy. Merkez San-Diýegonyň haýwanat bagy bilen indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri ylmy gözlegler boýunça hyzmatdaşlyk edýär, şonuň üçin Hytaýyň Amerikanyň haýwanat baglaryna panda iberişi ilkinji gezek däl. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Meý Sýan, Týan Týan we olaryň çagasy Sýao Siszi Waşingtondan Çendu şäherine gaýtaryldy. ABŞ-da 23 ýyl ýaşan döwründe bu jübüt panda dört çaga dogurdy, üçüsi eýýäm Hytaýa iberildi. Uly panda Hytaýyň milli nyşany bolup, hökümet tarapyndan goralýar. Bu haýwanlary beýleki ýurtlara geçirmek bireýýäm "panda diplomatiýasy" diýlip atlandyrylýan diplomatik däbe öwrüldi. Häzirki wagtda 1800 töweregi uly panda ýabany tebigatda, esasan, Siçuan welaýatynyň daglyk ýerlerinde ýaşaýar. Ýene 180 töweregi panda pandahanalarda we haýwanat baglarynda saklanýar. Hytaý 2025-nji ýyla çenli tebigatda pandalaryň umumy sanyny 2000-e ýetirmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir