Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümindäki «Kibersport» merkezi ýurtda sportuň ýokary tehnologiýaly görnüşlerini ösdürmek ugrunda üstünlikli we netijeli işleri dowam edýär. Bu ýerde wirtual giňişlikde türgenleşikler, ýaryşlar, sport toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we türgenleriň gatnaşmaklarynda oýunlar geçirilýär. Talyplar sportuň täze görnüşi bolan häzirki zaman sport ulgamynda öz ornuny barha berkidýän kibersport üçin zerur sport hem-de sanly başarnyklaryny özleşdirýärler we türgenleşýärler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 2008-nji ýylda Koreýada Halkara kibersport federasiýasy (IeSF) döredildi. Ol häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli kibersport federasiýalaryň 128-sini özünde birleşdirýär. 2020-nji ýylyň sentýabrynda IeSF-e Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy (TMeSF) hem girdi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkeziniň 2023-2024-nji okuw ýylynda döredildi. «Kibersport» merkezi ýokary tizlikli internet, kuwwatly kompýuterler, wirtual hakykata degişli enjamlar hem-de ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur bolan iň öňdebaryjy döwrebap beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanda kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmekde, häzirki zamanyň sanly giňişliginde erkin ugur alyp bilýän kibertürgenleriň ýaş neslini terbiýelemekden, dürli ýaryşlary geçirmek arkaly zehinli talyplary jemlemekden, olary taýýarlamakdan hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny gazanmakdan, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary döretmekden, kibersporta gyzyklanmany ösdürmekden hem-de ony türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Kibersport» merkezinde Dota 2, Counter Strike 2, E-futbol, E-basketbol hem-de kibersportuň beýleki görnüşleri boýunça toparlar hereket edýär. Olar dürli derejeli ýaryşlara gatnaşýarlar we Dota 2, CS 2 boýunça Aziýa sebitiniň reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Counter Strike boýunça geçen ýylyň sentýabrynda uniwersitetiň talyplarynyň, soňra bolsa Türkmenistanda «Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşdyrmak» atly ýokary tehnologiýalar hepdeliginiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen Global Offensive we Dota 2 diýen bäsleşikli kiber ýaryşlar Merkeziň türgenleriniň ýokary taýýarlygyny görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir