Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-da Readiness Institute merkezine baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti ABŞ-da Pensilwaniýa ştatynda Readiness Institute bilim merkezine baryp gördüler. Sapar ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara wiziter liderligi Maksatnamasyny durmuşa geçirýän "Döwlet gullugy akademiýasy üçin elektron dolandyryş ulgamyny berkitmegiň mümkinçilikleri" tas...
Türkmenistan Merkezi Aziýadaky kriosferanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Amyderýa we Syrderýa bilen gönüden göni bagly suw arteriýalarynyň akymynyň ýagdaýy – Merkezi Aziýadaky kriosferanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyk 3-4-nji aprelde Gazagystanda geçirildi we Almatydaky ÝUNESK...
Stambulda 13 ýyl dikeldiş işlerinden soň, 500 ýyllyk ýaşy bolan hammam açylar
Stambulda 13 ýyllyk dikeldiş işlerinden soň, XVI asyrda korsar Haýreddin Barbarossanyň buýrugy bilen gurlan Zeyrek Çiniliniň hammamy 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda açylar.
Hammam 37 täsin nagyşly 10 müň plitkadan ybarat baý bezegi bilen meşhur bolupdyr. “Çinili” sözüniň özi “plitkalar bilen örtülen” diýmekdir.
Birnäçe ýangyn, şol sanda...
Serdar Berdimuhamedow Slowakiýanyň saýlanan Prezidentini gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Peter Pellegrinä Slowakiýa Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Slowakiýa Resp...
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işlerini degişli talaplara laýyklykda geçirmek babatda tabşyryklary berdi
8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Maslahatyň bar...
+4°C-den +31°C-e çenli: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +11 gradusdan +12... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +21 gradusdan +26... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar....
Oraza baýramy mynasybetli 10-njy aprelde Türkmenistanda dynç güni berler
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Oraza baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde belleniler.
Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün eder.
Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistana geler
Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolar. Bu barada Gruziýanyň Parlamentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Papuaşwili Özbegistanda, Türkmenistanda we Gazagystanda bolar.
Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň bu saparynda oňa ýurduň parlame...
«Dýuna» filminiň üçünji bölümi yglan edildi
Legendary Pictures «Dýuna» atly fantastiki filmiň üçünji bölüminiň düşüriljekdigini habar berdi.
Taslama ilkinji iki filmi surata düşüren fransuz-kanadaly kinematograf Deni Wilnýow režissýorlyk eder.
«Dýuna» Frenk Gerbertiň 1965-nji ýylda neşir edilen ilkinji romanydyr. Ol XX asyryň iň meşhur ylmy-fantastiki kitaplarynyň biri hasaplan...
Ilon Mask Tesla robotaksisini 8-nji awgustda tanyşdyrmagy wada berdi
Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini yglan etdi diýip, Reuters habar berýär.
Mask sosial ulgamdaky sahypasynda: «Tesla-nyň robotakisi 8-nji awgustda tanyşdyrylar» diýen ýazgyny paýlaşdy.
Mask Tesla-nyň robotlaşdyrylan taksisiniň tanyşdyryljak senesini Reuters habarlar gu...
«Akylly» ruçka sözleýşi tekste geçirmäge we sowatsyzlygy ýok etmäge kömek eder
Bütindünýä sowatlylyk gaznasy Media.Monks bilen hyzmatdaşlykda dünýä derejesinde sowatsyzlyga garşy göreşmek üçin döredilen Literacy Pen atly akylly ruçka modulynyň işe girizilendigini habar berdi. Bu barada Ferra portaly habar berýär.
ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, sowatsyzlyk meselesi dünýäde takmynan 773 million adama täsir edýär, bu bo...
Android smartfony kompýutere öwürmäge mümkinçilik berer
Android Authority neşiriniň žurnalistleri Android operasion ulgamynda smartfony monitora kompýuter hökmünde birikdirmek üçin ýörite režimi tapdylar. Bu barada neşiriň web sahypasynda habar berilýär.
Ýörite režimde Android bilen işleýän smartfony monitora we klawiatura birikdirip, enjamy kompýuter hökmünde ulanyp bolýar. Ekranda diagonala uýg...
Ilon Mask Marsa million adam ibermek meýilnamasyny hödürledi
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Marsy koloniýalaşdyrmak boýunça uly meýilnamasyny hödürledi. Tanyşdyrylyşda çykyş etmek bilen, milliarder kompaniýanyň Gyzyl planeta 20 ýylda bir million töweregi adam iberjekdigini aýtdy.
Bu meýilnamanyň esasy elementi täze nesliň Raptor hereketlendirijisi bilen üpjün edilen ägirt Starship 3 raketa...
Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” multfilmi dünýä prokatynda 200 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady
Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” multfilmi dünýä prokatynda resmi taýdan 200 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady. Bu kartinanyň Hytaýdaky rekord görkezijileri – ilkinji uik-endde 73 mln dollar gazanmagy bilen mümkin boldy. Bu barada film.ru belleýär.
Hytaý multfilmi görkezýän soňky sebit boldy. Ilkinji bäş günde taslama Ýaponiýadaky (60,7...
Google şekil kodlamak üçin täze Jpegli formatyny tanyşdyrdy
Google kompaniýasy Jpegli atly täze kodlaýyş kitaphanasyny yglan etdi. Has az ýer tutmek bilen, şekiliň gowulaşdyrylan öndürijiligini we hilini üpjün edýär.
Jpegli adaty JPEG standarty, şol sanda 8 bitli format, libjpeg-turbo we MozJPEG bilen doly laýyk gelýär. Google-yň berýän maglumatlaryna görä, şekilleri gysmak we açmak üçin Jpegli-ni pe...
Tailand jahankeşdeler üçin “Aziýa Şengenini” döretmegi teklip etdi
Tailandyň premýer-ministri Srettha Thawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Ýewropadaky Şengen zolagyna meňzeş bu maksatnama syýahatçylara alty goňşy ýurduň: Tailandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda erki...
Intuitive Machines-iň bökegen roboty Aýda suw we baza üçin ýer gözlemäge gider
Amerikanyň Intuitive Machines başlangyjy Aýyň günorta polýusynda kyn ýerleri öwrenmek üçin South Pole Hopper robotyny döreder. Naked Science-iň berýän habaryna görä, robot suw gözlär, sebitiň geologiki aýratynlyklaryna baha berer we regoliti öwrener.
South Pole Hopper agramy 35 kilogram we beýikligi 70 santimetr bolan kiçijik awtonom apparat...
ABŞ emeli hemralaryna göni orbitada ýangyç guýup başlar
ABŞ-nyň Kosmos güýçleri Günorta-Günbatar ylmy-barlag instituty (SwRI) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde emeli hemralara orbitada ýangyç guýmak üçin enjam öndürýär diýip, New Atlas habar berýär.
Ylalaşygyň bahasy 25,5 million dollar. Gürrüň orbital tanker hakda barýar. Astroscale Prototype Servicer for Refueler (APS-R) diýlip atlandyryl...
Oraza baýramyňyz gutly bolsun!
Döwürleriň ötüp, jemgyýetiň özgerýändigine garamazdan, ynsan ruhuna peýdaly bolan her bir zat ýaşamagyny dowam edýär. Adam aňynyň ösüşine baglylykda, her kese haýyrly bolan bu edim-gylymlar, däp-dessurlar täze röwüş, täze öwüşgin tapýar. Oraza günleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ruhy päkligiň, jemgyýetçilik jebisliginiň, taýsyz sahawatyň aýy...
Ýaponiýada täzelenen Toyota Crown krossoweriniň satuwy başlandy
Ýaponiýada täzelenen Toyota Crown krossoweriniň satuwy başlandy diýip, “Awtonowosti dnýa” habar berýär.
Esasy täze önümleriň biri Crown Crossover RS “Landscape” wersiýasy bolup, onuň klirensi 25 mm (235 mm çenli) ýokarlanan, ol üýtgeşik reňkli kuzowy (tutuksy gara elementli goňras ýaşyl), wnedorožnige mahsus obweskaly açyk gyzyl palçykdan go...